Neneñ oñat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerni ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüñ ýeriñ ýüzünde!

Neneñ oñat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar – misli bir dürler.
Men saña ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oña ynanylýan döwürler.

Men diñe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saña sag-aman
Ýaşap ýöreniñe ýeriñ ýüzünde.
 
Güýz donun geýipdir türkmen düzleri,
Baglaram sypaýy – miwe bişende.
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýañ iñrik düşende.

Neneñ oñat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseñ ýeriñ ýüzünde.

***
Maña –
seniñ gözleriñden gitme ỳok.
Maña –
seniñ sözleriñden gitme ỳok
Düşün, bu dünỳede soñky güne çen
Seniñ şatlyk hem gussaña bagly men.

Seniñ ỳüpek gijeleñden gitme ỳok.
Seniñ aỳdyñ gündizleñden gitme ỳok.

Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok.
Emma seniñ ykbalyñdan gitme ỳok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyñy nur edip üstüme dökỳäñ.
Emma, düşün, läläm, şeỳle gün dogar:
Saçlaryñ gar bolup üstüme ỳagar.
Şonda ak saçyñy sylyp ỳüzüme
Gararyn belentden ỳeriñ ỳüzüne.

Men bir gyzda gözleriñi görerin.
Men bir gyzda sözleriñi görerin.
Şapakda görerin – ỳañagyñ alyn.
Gijede görerin – ỳañagyñ halyn.
Synlap ỳapraklaryñ ỳüzünde derin,
Onda seniñ gözỳaşyñy görerin.

Zemin aỳlanyp dur.
Oñatlyk örän!
Hiç bir güỳje oñ ỳoluny tutma ỳok.
Dünỳäñ her gülünde men seni görỳän.
Şonuñ üçin bu dünỳeden gitme ỳok.