On bir aýlaryň serweri,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

Enwer eýleýip her ýeri,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Ýeňip bu nebsiň hilesin,

Ýaşlaýyn köňül didesin,

Getirip Gadyr gijesin,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Bu dünýe – synagly meýdan.

Nebsini ýeňenler – merdan.

Baýlygy boluban bendäň,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Ýapyp jähennem gapysyn,

Ýoklar sen kalplaň gatysyn.

Külli ynsanyň bagtysyň,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Sogabym az, niçe etmiş

Umytly guş Käbä ýetmiş.

Musulmana bolup ýeňiş,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Çapyp barmyş hyýal aty,

Etmäň ömre hyýanaty!

Ýatladyp ol kyýamaty,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Günälerme aglaý-aglaý,

Gezsem Haka kalbym baglaý,

Musulmanlaň köňlün çaglaý,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Çoh kynçylyk görenlere,

Nur paýlar sen göwünlere.

Bereketsiň ömürlere,

Hoş geldiň, Remezan aýy!

 

Gezse Nury Möwlam diýe,

Hak Dostun söýmüşem diňe.

Buýsanjym getirsem dile:

Hoş geldiň, Remezan aýy!