Yazdır
Kategori: Türkmen Şiiri
Gösterim: 5370

 


Aladaňdan başlanar
Obamyň hysyrdysy.
Göwnüň götär guşlaryň
Gumrulaň pasyrdysy.

Ertir çaýyn içmedik
Sürädir goňşyň ýüzi.
Ömür işden gaçmadyk
Ene saýgylar ýüňi.

Birmeýdan dym-da otur,
Düşünersiň pelege.
Dutaryň hoş owazy
Ýakymly ge:r gulaga.

Ot ýüzüne düşen çyg
Gelip aýagňa deger.
Saýaly, miweli bag
Başyny aşak eger.

Garagolja pişikler
Gaýdyp dur-a kejime.
Gölämiziň bolanyn
Buşlaýyn men ejeme.

Gel, gelneje, kän durman
Palaslary kakaly.
Uçup barýan, ak durnam,
Görmediňmi kakamy?!

Garagolja jigilem,
Hany haýdaň mekdebe!
Beýlä bakmankaň geler
Tümler, günler, hepdeler.

Jan aýalman işlener,
Öz düzgüni, tertibi.
Ine, şeýle başlanar
Meň obamyň ertiri.

2019 ý.