Gujaklasam otlary,

Bägülleri ogşasam.
Tawus guş deý ýöresem
Ýaşyl haly – zeminde.
Eneleriň ýoluna
Ganatlarmy düşesem..

Ajy derim çykaryp
Ölüp-öçüp işlämsoň
Guzy bolup uklaryn
Döwüm nany dişlämsoň.

Owarram kütek orak
Kesip galsyn elimi.
Gaty ýylgyrýan Günem
Gepletmesin dilimi.
Bolman geçsin aşygmyň
Ýokary bilimi.

Käte iýip ýetişmän
Ertirlikde şülämi.
Daňmaly bor kowalap,
Boşap galmyş gölämi.
Näme, durmuş mydama
Arzuwlara görämi?

Pyýadalaň maňlaýna
Bagt bolup ýelmeşsem.
Giňgöwrüm asman bilen
Yşk hakynda sözleşsem.
Gyjyklasam guşlary,
Şemal bilen elleşsem.

Obam – meň tutuş dünýäm.
Jöwzasynda yssylap,
Aňzagynda gagşasam.
Şükürim kän täleýe,
Gujaklasam otlary,
Bägülleri ogşasam..