Gyz ýaňakly almalaryň,

Gök çabytly salmalaryň,
Ýaş gelin deý selmeleriň,
Arşa ýetýän galmagalyň..,

Eşigne ak tozan siňen,
Eli garaýaga çümen
garaýagyz traktorçyň,
Alabaýa otur diýýän
Şerçi ýeňňem kybap gürjüň,
Pagtasy özünden agyr,
Ýüzi pagtasyndan agyr
kärendeçiň,
Dünýäni dünýäň tizliginde
kowalaýan mellek goňşym,..

Kebelegiň,
Gülälegiň -
Olaň-a baram meniňki.

Utopiýa bermejegim,
Görewersin görübilmejegem!
Waspyn etdigim entägem
Sadagasy gitdigim
Obamyň ýüzden birjigi.
Taňry myhmany bolana
Açyk obam - öýüm - galam.
..Toba, "oba" diýer ýaly
Sen näme "oba"-my, OBAM!