Öýdüpdirin dünýe baky,
Dogra meňzeş ýalan eken.
Gijeler dälmiş garaňky,
Hak yşkynda ýanan eken.
Didelerde galmyş ne syr
Söz diňlemez durmuş kesir.
Gylyçdan ýiti hem kesgir,
Hak sözleýen galam eken.
Garalardan agy gözläp,
Gezdim namartdan syr gizläp.
Duýgulam aklymda güýzäp,
Yşk bolup görk alan eken.
Sogapdyr sabryň dogany.
Bezär ýigdi mert, dogumy
Gören barmydyr soňuny?!
Ah, hatalam ýaman eken.
Gögermez bahylyň bagy,
Gögerse-de, bermez bary.
Gelse başa synag bary,
Tomsuňda gar ýagar eken.
Ýol uzyn, düweýin goşum
Gitmäwersin sabyr guşum.
Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeňer eken.
Ýaýnalaram ýaşlyk içre,
Gaýnalaram ýaşlyk içre,
,,Ýaşlykdyr’’diýp,günä geçme.
Ömrüň güýzem geler eken.
Sözüm bar, eý köňül diňle!
Umydym bolmasyn düňle.
Dostumdyr öýdüpdim dünýe,
Bir wepasyz, gedem eken!