Munda bolsa-da, ýol kötel

Nemlenmez gözlerim meniň.

Diýmen:,,Utuldym men,ýeter!’’

Merde dost sözlerim meniň.

 

Hak bolsun beren bahalam,

Ýeňlişe ýokdur bahanam.

Kän munda gülüp bakanam,

Çyn dostdur gözlegim meniň.

 

Yşkyma elim salgadym.

Bilsem-de, ömrüň salgydyn,

Gözlemen bagtyň salgysyn,

Barka ol dözmezim meniň.

 

Çölde galan dek çelgisiz

Ýiter dert,bagta çenlidir.

Şygrym, joşmaly çenidir,

Diňlense sözlemim meniň.

 

Hakdan berlen peşgeş ömrüm,

Durmuş ýollary ne öwrüm,

Gujagyna gysar bir gün,

Söýdügim düzlerim meniň.

 

Ýyllar küteltmez galamym,

Bir ýykylsam, müň galaryn.

Sözlerden çemen boganym,

Şygyrlam – dürlerim meniň.