Indi bildim zamananyň azanyn,
Ýamanlar ýagşydan gaça başlady.
Gaýta bedasyllar asylzadadan
Pisint etmeý, töre geçe başlady.

Yrýa boldy köpüň okan namazy,
Taňry hiç birinden bolmady razy,
Pygamber ornunda oturan kazy
Para üçin elin aça başlady.

Şalarda galmady hökmi-adalat,
Bir pul üçin müfti berer rowaýat,
Bil, bu işler-nyşanaýy-kyýamat,
Zalymlar bitoba öte başlady.

Dadhahlar turuban, ýüzün sarardyp,
Kim töresin tapyp, reňňin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar saça başlady.

Müjtehid sözüne amal bolmady,
Mynafyklar ýaradany bilmedi,
Sopular pirinden taglym almady,
Dünýä üçin dinden geçe başlady.

Bir para sopular “sopy men” diýer,
Soramaý, zalymlar tagamyn iýer,
“Bizni ýagşy kişi diýsinler” diýer,
Her işikde halka gura başlady.

Garryga aýlandy biz gören ýaşlar,
Aýaga dolandy biz gören başlar,
Bimahal ýük baglap imdi gardaşlar,
Ahyret azmyna göçe başlady.

Akyl bolan gamda ýüregin ezip,
Derdiniň dermanyn soraglap gezip,
Zamananyň pisat bolanyn syzyp,
Panydan bakyýa göçe başlady.

Ne asyl begleriň nobaty öçdi,
Gaýta şugul-haramyga söz ýetdi,
Dünýäde kim galyp, myrada ýetdi,
Muhubbet çyragy öçe başlady.

Kazy bolan bir jowapda durmady,
Gije mähnet tartyp, kitap görmedi,
Şerigat ugrunda dogry ýörmedi,
Nebs üçin imansyz öte başlady.

Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Bäş gün synamaga iberdi seni,
Senden burun öten jananlar kany?
Her kim nobatynda öte başlady.