Nowruz geldi: Täze gün!
Täze aý hem Täze ýyl!
Hoş arzuwda bar göwün,
Bag içinde şat dowul.
 
Saýrak guşlar kakýar jaň,
Bagda güller gar ylla.
Begenjinden pyntyklaň
Ýuka dony ýarylýa!
 
Howaň gylygy ýeser,
Görseň bahar, ýaz aýy,
Ol her günde kyrk öwser,
Kän bozular öwzaýy.
 
Garry mama sanajyn
Kakar gökde her demde.
Kömelek çykar agyn
Dagda, düzde hem gumda.
 
Älemgoşar saz çalar,
Gurar ol ýaýyn gökde.
Öwşün atar damjalar,
Buldurar her ýaprakda.
 
Dumly-duşda şagalaň,
Ýaş-ýeleň, ata-ene.
Her gapyda ýüz tagam,
Her gapyda – semene!
 
Başyn egip näz eden
Gurşap güller çar ýany,
Saýrak guşlar täzeden
Açar bu gün dünýäni.