Yazdır
Üst Kategori: Kardeş Edebiyatlar
Kategori: Türkmenistan Edebiyatı
Gösterim: 1765


Erik geýinipdir toý lybasyny,

Ak öýmäni atynypdyr başyna.
Töwerege ýaýyp hoşboý ysyny.
Joralary üýşüpdirler daşyna,
Geýinip täzeje ýaşyl keteni.
Eräp gitdi sowuk gyşyň gary-da,
Bildirip dur, täze daňyň atany,
Has ýalkymly, ýagty günüň nury-da,
Nurlandyrdy, gurşap Ata watany.
Dereklerem dakynypdyr şelpesin,
Lowurdaýar çala öwsen şemala,
Mymyk şemal goý ýüzümi ýelpesin,
Ähli derdiň dermany deý hamala,
Meň janyma berýär şypaly melhem.
(Meniň boşan kalbym doldurdy ylham).
Bilbiller saýraýar, seslerni goşup,
Şowhun berýär başlanan toý-dabara.
Aýdym aýtsam diýýär, köňülim joşup,
Ýüregimde ýer galmady sabyra.
Gök asmanda ak ýelken deý bulutlar,
Gelýär süýşüp, süýjülik suw sepeläp.
Göýä ýaş geline döndi ene ýer,
Perzentlerniň başlaryny sypalap,
Ak pata berýän deý täze durmuşa.
Ýazdy naz-hygmatdan doly saçagny,
Garşylaýar, giňden açyp gujagny,
Gelsin diýip bu meýlise barçalar,
Toý saçagna dürli nygmatlar seçýär.
Jürküldeşip garagolja serçeler,
Kä gonup, käte-de asmana uçýar.
Seçilen nygmatdan paýyn çokalap,
Bökjekleşip oýnaýarlar çaga deý.
Gursagymda şahyr ýürek bökeläp,
Neneňsi joşmasyn meniň köňlüm, heý.
Menem bu dabara syn edip durun,
Uz owadan leýli saçyň astynda.
Ýene şeýle toýlaň şaýady borun,
Ýaşap ýörkam goja zemin üstünde.