Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär. Şahyr işiniň daşyndan zergärçilik bilen hem meşgullanyp, nepis şaý-sepleri ýasaýar.

Güýzüň şahyry bolup aňymyza giren Gurbannazar Ezizowyň dürli ýyllarda çap edilen kitaplary okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrüldi. Muňa şahyryň «Ynam», «Ýer-gögüň arasynda», «Güýz», «Oglan we deňiz», «Gyzyl otrýad hakynda ballada», «Serdarym», «Jadyly kepje», «Türkmen sährasy» ady bilen çap edilen kitaplaryny mysal getirmek bolar. Şahyryň birnäçe kitaplary bolsa dünýä halklarynyň dillerine terjime edilip, dürli dillerde neşir edildi. Şahyryň goşgularynyň onlarçasyna döredilen aýdymlar türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň dürli ýyllarda çap edilen eserleri şulardan ybarat:

1.«Oglan we deňiz», Aşgabat, 1969 ý, «Türkmenistan» neşirýaty;
2.«Ynam», Aşgabat, 1971 ý, «Türkmenistan» neşirýaty;
3.«Ýer-gögüň arasynda», Aşgabat, 1973 ý, «Türkmenistan» neşirýaty;
4.«Serpaý», Aşgabat, 1977 ý, «Türkmenistan» neşirýaty;
5.«Gyzyl otrýad hakynda ballada»,Aşgabat, 1978 ýyl, Magaryf neşirýaty;
6.«Güýz», Aşgabat, 1978 ý, «Türkmenistan» neşirýaty;
7.«Два дерева», 1972 ý, Москва, «Советский писатель» neşirýaty;
8.«Bahar säheriniň ak süýdi», Tallin, 1974 ý;
9.«Мальчик и море», Aşgabat, 1987 ý, Magaryf neşirýaty;
10.«Serdarym», Aşgabat, 1990 ý, «Türkmenistan» neşirýaty;
11. «Jadyly kepje», Aşgabat, 1994 ý, Magaryf neşirýaty;
12. «Saýlanan eserler» I tom, Aşgabat, 1995 ý, Bereket-Bina neşirýaty;
13.«Çykmadyk kitabym» II tom, Aşgabat, 1995 ý, Bereket-Bina neşirýaty;
14. «Türkmen sährasy», Aşgabat, 1997 ý, «Türkmenistan» neşirýary;
15. «Iki agaç», Ankara, 2003 ý;
16.«Türkmen sährasy», Aşgabat, 2007 ý, Türkmen döwlet neşirýat gullugy;
17. «Два дерева», Aşgabat, 2008 ý, Türkmen döwlet neşirýat gullugy;
18.«Oglan we deňiz»,Aşgbat, 2008 ý, Türkmen döwlet neşirýat gullugy;
19. Gurbannazar Ezizow, Goşgular, Aşgabat, 2010 ý, Türkmen döwlet neşirýat gullugy;

G.Ezizow çagalar üçin ýazan goşgulary üçin 1972-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty (häzirki Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi), Serpaý» goşgular ýygyndysy üçin 1981-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty (häzirki Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi), Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 1994-nji ýylyň 28-nji fewralynda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.