Aşyr aganyň  arwana düýesi bardy. Onuň örüsi obadan uzakda däldi. Botlanda  ýatagyna gelerdi.

      Bu ýylyň baharynda hem arwana ýaňy aýaklan köşegini yzyna tirkäp oba geldi. Aşyr aganyň maşgalasy şatlyk bilen olaryň öňünden çykyp, köşejigiň boýnuna tumarly alajaýüp dakyp, ýatagyna ugratdylar. Bu gezek ony garşylanlaryň arasynda gulak-guýrugy kesilen tokarja  çal güjük hem bardy.

     Düýäni-de, köşegi-de ilkinji gezek görýän Aždarjyk olara geň galmak bilen seredip tanyşmak isledi. Ysyrganyp köşege golaýlady. Ätiýaçlygy elden beren körpejäniň bu seresapsyz hereketi arwana ýaramady. Köşegini gabanan düýe güjügi tumşygy bilen kakyp göýberdi. Ep-esli aralyga togalanyp giden güjük ynjyly çyňsady.Ýataga ýanaşyk ýerdäki küdäniň aşagyna girip, şol ýerden täze tanyşlarynyň hereketlerini eserdeňlik bilen synlady.

       Aradan ýarym ýyl geçip, güjük ýörtmança bolanda köşek torum çykypdy. Aždar arwana bilen hem arany sazlapdy. Käte torum tanapyndan boşananda onuň bilen hezil edip oýnardy.

     Ir säherde oba adamlary düýelerini çopana tabşyrýarlar. Şonda Aşyr aga hem düýesini sürä goşardy. Soň bu işiň jogapkärçiligini Aždar  öz üstüne aldy.Oba adamlary Aždaryň hereketlerini geň galmak bilen synlaýardylar.

      Gyş  pasly tamamlanyp meýdanda ot-çöpler janlanyp başlady. Şonda Aşyr aganyň düýesi ýatagyna gelmegini seýrekletdi. Ol ilki bir gün, soň  herde aşyryp dolandy. Arwana hemişeki örüsine gidende  Aždar  hem onuň yzyndan galmady.

      “Düýeleriň öri meýdanynda şagal-möjek köşek-torumlary heläkleýärmiş” diýen ýakymsyz  habar oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady . Dogrusy ýiten mal ýokdy.

       Mergenler wagt ýitirmän  salgy berilýän örä ýola düşdiler. Aşyr aganyň goňşusy Nuraly hem olaryň ýanyndady.

      -Ähli zat belli boldy − diýip, Toýmyrat mergen dillendi. Amatly ýer peýläp düýäniň ýanynda onuň hereketlerini synlap oturan çal jandara golaýlaýlanlarynda  dürbisini ýoldaşyna uzatdy.

      -Saklanaweri, ol Aždar bilen Aşyr aganyň arwanasy ýaýy-la! − diýip Nuraly onyň ýüzüne seretdi.

      Mallarynyň baş sanynyň abatdygyny anyklan adamlar tizden oba dolandylar.

       Ýyl aşansoň arwana köşekledi. Bu sapar  düýäni oba Aždar  getirdi.

       Çölde bolan döwrinde goýunçy köpegiň gören horluklaryny özünden özge bilýän ýokdy. Ol açlyga-suwsuzlyga, yssa-aňzaga döz geldi. Ýöne dostundan welin aýra düşmedi.