Yazdır
Üst Kategori: Kardeş Edebiyatlar
Kategori: Türkmenistan Edebiyatı
Gösterim: 3413

        Geçmişiň gahatlyk ýyllarynyň gamgyn wakalary halkymyzyň kalbyna bitmez ýara saldy. Olary ýatlamak kyn, emma  hakydaňa getirmezlik bolsa asla mümkin däl.

       Şol galagoply wakalary nesillerimiziň unutmazlygy  we olardan netije çykarmagy gerek.    

Awtor

     

     Ýurtda azyk gytçylygy mese-mälim duýlup başlandy. Üstüne-de gurakçylyk bolup, oba adamlarynyň ýagdaýy has hem kynlaşdy.

       Duz, egin-eşik ýükli Hywa, Tejene we beýleki ýerlere argyşa gidýän kerwenleriň sany köpelip başlandy.

       Obadaky düýeleriň uzak ýol geçip ýük çekmekden ýaňa örküjiniň gapdallary ýara bolupdy. Kerwenbaşy bu sapar has tapdan düşen düýeleriň ikisini argyşdan galdyrmaly boldy.

       Yssy günlerde argyşçylara ýol külterlemek hupbatly iş. Balkandan Hywa  gatnalyp, torç edilen ýoluň ugrynda gündizlerine tamdyr ýaly gyzyp ýatan takyrlyklar, läbik şorluklar  köp. Alaňlyklardan, ürgün çägeliklerden geçmeli bolanda agyr ýükli düýeler hasam lakytak bolýarlar. Talaňça sataşmak gorkusy bolansoň argyşçylar at-alaşa kişňemez , düýeler bozlamaz ýaly olaryň agyzlaryny mäkäm daňmaga mejburdylar. Onuň üçin kerwenbaşy Gulnyýaz aga ýyldyzlardan ugur alyp  ýoly gije geçmegi karar etdi.

      Argyşçylar Hywa gelenlerinde kerwensaraýda düşläp, az wagt dem-dynç alanlaryndan soň ur-tut söwdä işlerine girişmek bilen boldular. Emma hywaly aşnalary bilen gürleşip, ýagdaý bilen tanşan Gulnyýaz aga lapykeşlik bilen hyrçyny dişlemeli boldy:

       --  Päheý, tiz gelenimize begenip durdym welin, bu argyşymyz uzaga çekjek oguşýa. Galla bu ýerde hem bol-elin däl ekeni.  Ony  öýme-öý aýlanyp  ýygnamaly bolarys.

       Garaz, şeýdip bir hepde çemesi wagtyň dowamynda  bugdaýdan, mäşden, jöwenden ýüküni ýetiren argyşçylar tizden-tiz oba dolanmagyň  aladasy bilen boldylar.

         Öňler  argyşa gidenler oba has basym dolanýardylar. Bu sapar welin   kerweniň çakylykçysy eglendi.

        Oba ilatynyň howsalasy bolsa günbe-günden artýardy. Öýlerdäki çuwallar boşap, kendiriklerde urbalyk un galmandy. 

  - Ajygýaryn, çörek iýesim gelýär -- diýip, bäş-alty ýaşlaryndaky oglan  jaýyň kölegesinde çagasyny  emdirip oturan  gelnejesine ýüzlendi. 

      Bu kyn soragyň  jogabyny gelin gaýyn enesinden eşitmek isleleýän ýaly onuň ýüzüne garady. Onuň soragly hazarynda:      

      “Haçan agzymyz aşa ýetip, gowy günler gelerkä? Gelermikä eýsem şol günler, ene?! “diýen sowal duýulýardy.

2

 

     Durmuşynda kynçylyklaryň köp çarşenbesini başdan geçiren ene:

      -- Sabyrly, gaýratly bolýandyr zenanlarymyz. Geçmejek günler bolýan däldir,gyzym  -- diýende, gelin  gözlerindäki düwme ýaşlary görkemejek bolup,  gujagyndaky çagasyny bagryna basdy.

       Çuwallary silkeläp  gaýyn enesi bir owuç bugdaý dänesini ýygnady. Gowurga edensoň pagsa jaýyň kölegesinde ýazylan, gyralary  kertilip başlan içmegiň tüýli tarapyna sepdi. Gowrulan bugdaý dänelerini çöplemäge çagalary çagyrdy.

         Munuň  çagalary güýmemek üçin  gaýyn enesi tarapyndan tapylan  nysakdygyna gelin şoň düşünip galdy.

       Ir säherden tä giç agşama deneç obanyň oglanlaryň biri  köneje  dürbisi,  käte bolsa oňa ynanmaýan ýaly ýönekeý göz bilen azykly kerweniň ýoluna garaýardy.Umydy  çykmansoň ol lapykeç halda öýe gaýtdy. Torç edilen ýollarda argyşa barýanlar bardy. Ýöne  gelýän   kerwen  görünmeýärdi.

       Ine, bir nurly gijede bir tanyş owaz oba adamlaryny ukudan oýardy. Obamyzyň uly-kiçisi şatlykly sesler  bilen gaýraky  ýola tarap ýüwürdi. Dolan aýyň şöhlesine golaýdaky gum depeleriniň arasyndan argyşa giden kerwen göründi. Öňdäki ner düýäniň boýnundaky dünküň  sesi daňyň ümüş-tamyşlygynda  uzaklara  ýaýrap gidýärdi.

       Gulnyýaz aga satanlak dor alaşasy bilen agyr ýükli düýeleriň hataryny çekip gelýärdi.