Asmanam ukudan ganmandyr öýdýän, gamaşyp dur. Ýa ýene ygal düşäýjekmikä?...

Depäniň üstündäki eli pilli del adamlara, çadyrlara ilki bilen şofyoryň gözi kaklyşdy.

- Ymm-m... Gelipdirler-ow.

- Äk? Kim gelipdir?

- Beýläk seretsene. Hon-ha, arheloklar gelipdir.

- Arhowloklar?! Hany?.. Howwa-aý, ýene geläýipdir bular. Bäh. Aý, indi bularyň geldigi - ýazyň geldigidir. Töwerek ýaşyl öwüsdigi gelerler, meýdanyň oty saralyp ugraram - gaýdarlar.

- Howwo...

- Bä-äý, şu biziň höküwmediňem her hili işi bar-ow... Şo mor sakgally şepäň başlygymydyr bularyň?

- Saşamy?! Aý, ýok, başlyg-a däl. Hudožnik ol. Çyzgylaryny dagy çyzýan bolaýmasa.

- Aýlyk - günlügem gowy bolmaly bularyň.

- Gowudyr-la... Sorab-a göremok welin...

- Bäh. Munça pul, munça harajat çykaryp... Näçe ýyldyr-a gazýarlar, ibaly tapýan zatlaram-a ýok ýaly. Ýa gyzyl-pyzyl tapýarlarmyka? Äk?

- Bürünç eýýamy diýilýän döwrüň ýagdaýyny öwrenýä olar. Dört müň ýyl töweregi mundan ozalky döwür.

- Bolanda näme? Nä, gyzyl tapýan däldirler öýdýäňmi? O-how, höküwmet munça puly oýnamaga sarp edýän däldir. O-how...

- Hökman gyzyl tapmaly diýen zat ýok. Ylym-how, düşünýänmi?.. Öwrenmeli ahyryn.

- Öwrenmelidir, onyňa sözüm ýok. ...Ýöne bir bölek daş ýa konserwkürşge tapyp, “Otuz dört muň ýyl töweregi mundan owalky zat şu...” diýen bolup ýörmeler-ä birhili şularyň ... Bar ynandyk diýeli, ýeri onsoň? Aý, ýok-laý...

- Aý, birgat, gel, şuny goýaly-la. Bi zatlar ikimize başartjak zatlar däl-ä. Biz gowusy pagtamyz bilenjik bolubereli-le...

- Gaharlanjak bolýaňmy?!

- Aý, ýok-la...

- Men-ä how, gepden gep çykansoň aýdaýdym. ...Birhilirägem-laý.

- Bu-da bir iş-dä, birgat. Gazýalar, öwrenýäler - elbet, gerekdir-dä, şeýle dälmi?!

- Ol aýdýanyň-a dogry. Aý, howwa-da, her kim yrsgalyny bir ýerden çöplemeli-dä. Gör-ä, öýden-ilden bizar bolup, bu çöl - beýewanda bularyň bolup ýörşüni...

Dünýäniň gurluşy şeýle, her kim bir küýde...

...Deňeden geçip giden maşynyň uzyn signalyna arheologlar pillerini ýokary götermek bilen jogap berdiler. Salam!

* * *

Tutugsy Aý yşygyna uzyn kölege ýaly bolup görünýän süýri däpäniň etegindäki goşa çadyryň ilerkisinde yşygam ýok, ses-selemem. Gaýrakyda welin, henizem öçügsije yşyk bar. Şol yşygyň hol alysdaky ýyldyzlar bilen nähilidir bir meňzeşligi bar ýaly bolup dur. Ýa bu onuň çola meýdanda, ümsüm tümlükde ýeke özüniň ýylpyldap durmasyndanmyka?.. Nämedenkä?..

- Men-ä ýatjak, Saşa. Şemi özüň söndürersiň-dä. Ertirem daň bilen turmalydyr.

Çadyrdaky iki ýigidiň biri elindäki kitabyny ýassygynyň aşagyna sokdy-da, ýene nämedir bir zatlary hümürdäp, beýlesine öwrüldi.

- Arkaýyn ýatyber, Çary. Gijäň rahat bolsun. Menem häzir, ine. Dogrudanam, giç. Ýatmaly, ýat-ma-ly...

Emma Saşa wagty bilen ýatmady. Ol şemi golaýragyna süýşürip, gündeligini eline aldy.

Küti depderiň daş ýüzüne ol suratkeşlere mahsus ezberlik bilen gadymy Gündogaryň hatdatlarynyň işini ýada salyp duran harplary nagyşlapdyr: “Tekgemdepe”.

Geçen ýylky ýazgylar. “Sil hakynda”. “Düýe”. “Hazarmetjit”.

Ol täze sahypany açdy-da, bellik etmäge başlady:

- “Tekgemdepe” - 18 mart, 1987 ý.

Salam, gadymy Parfiýa! Horasan! Deşti-Haweran!

Bu ýyl gelip bilmen öýdüpdim. Geçen ýyl garry çopan Atda aga “Bir ýerde öz oňat görýän zadyň ýanyňdan çykyp ýa başga bir sebäp bilen galaýsa, hiç gynanmagyn” diýipdi. “Şol galan zat eýäm gaýdyp geläýsedi diýip dileg edermişin. Garaşarmyşyn” diýipdi.

Geçen ýyl men bu ýerde nämäni galdyrypdym? Hiç zat. Ýöne gaýtmakçy bolanymyzda, nämedir bir zadym galýan ýaly boldy durdy ahyryn.
Şu gün geldim, ýitiren zadymy tapan ýaly boldum.
Salam, “Tekgemdepe”!
Ol şemi garalyp duran gadymy daş okaranyň içine goýdy. Azajyk galypdyr, goý, ýansyn.
Daş çanak bilen şemiň kölegesi ullakan kömelegiň şekilini emele getiripdir. Sandyrap dur...
... Kiçijikkä ol uklamakçy bolup ýorgana girende, her gezek ejesi gelerdi-de, ýaňagyndan ogşardy. Soň bir zatlary sanardy. Dogamydyka?..

Saşa ony hernäçe ýadyna saljak bolsa-da, bolmazdy. Hany, soraýyn diýseň indi ony nireden tapjak? Ol indi ýok. (Megerem, adamlaryň köpüsi öz ejesinden iň zerur zatlar hakynda soramandygyna soň düşünip galýar). Ýöne ol “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler...Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun!” diýen sözleri gaýta-gaýta gaýtalardy. Bir şo ýatda galypdyr.
Ine, indi alyslarda galan şol mährem ýatlamany aňynda direltmek üçin Saşa şuny endik edinipdir. Şeýtse, ol özüniň rahat uklaýandygyna ynanýar...

Ol ýorgana çolandy-da, senasyny sanady... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar, kenarlar, adalar, suwda balyklar, uçarda guşlar... Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun! Gijäňiz rahat bolsun, eje!”

* * *

Ýazyň başyndan gelmeseň boljagam däl. Birinjiden-ä bu bir yssy ýurt, Leningrad bilen deňeşdirer dagy eder ýalymy. Ikinjidenem, gör-ä agşam ýene çyg düşüpdir, süpürilip, arassalanyp goýlan ýerasty yzlar mesaňa-mälim bildirip dur: diwaryň geçýän ýeri garamtyl zolak, bu garalyp duran tegelegiňem boşlukdygy belli. Howlukman arassalabermeli.

...Çarynyň “Şu gezek esasy tapyndyny men taparyn” diýeni çyn bolaýjak ýaly. Düýn ol soky daşyny tapdy, hon-ha ol ýene-de bir zada dümtünüp otyr. Gara çyny ...

- Student, ýene bir zat barmy ýa?

- Bar, Lena, bar... Sen tiz git-de, şefi çagyr. Tiz bol!

- Şefi Aşgabada ugratmadykmy, huşuň nirede?

- Bar onda, Saşany çagyr.

- Çary “Esasy tapyndyny” tapdy diýeýinmi?

- Hany, bes etsene... Saşa! Aleksandr Alekseýewiç!

- Aleksandr Alekseýewiç!...

- ...Barýan.

...Agzyna ham çekilip, ýelim bilen mäkäm suwalan küýze abat däl eken. Töwereginiň gumuny emaý bilen aýyrdylaram welin, darka-darka bölünäýdi... Küýzäniň içinde saralyp giden süňkler bar eken. Saşa derrew anyk netijä geldi. Itiň süňki.

Küýzäniň üstüni halta bilen örtüp goýdular. Agşam Mihail Mihaýlowiçiň özi geler, görer, näme diýse, şoňa görä bolmaly bolar. Häzirlikçe hasaba alyndy, surata düşürildi, bolýar şol.

Geň. Näme üçin iti beýle apalap jaýladylarka? Ýa bu bir üýtgeşik gowy itmidikä? Belki şeýle dessur bolandyr?..

Agşam ýatmakçy bolup durka, Saşanyň kellesine bir geň pikir geldi. Dogrudanam, nämüçinkä?

- Çary, ýataňokmy?

- Ýok. Näme boldy?

- ...Sizde, ynha, goýun itleriniň gulaklaryny kesýärler, urşanda möjek gulagyndan tutmaz ýaly... Şeýle dälmi?

- Howwa ...

- Guýrugyny näme üçin kesýärler?

- ...Bilmedim-aý. Owadanlyk üçin bolaýmasa...

- Aý, nätdiň-aý?

- Dogry-da, gulaklaryny kesip, guýrugyny kesmeseň, nähili bor?

- Aý, goýsana-how. Nätdiň-de goýaýdyň muny...

- Gülmesene... Gijäň bir mahaly ýok zadyň gürrüňini tapýaň-da...

- Ýeri, bagyşla... Bagyşla, student. Ýöne, dogrymy aýtsam, bize bu zatlary bilmek gerek. Ertir Atda agaň goşuna gideli. Sorap göreli, bolýamy?

- Bolýa. Hany ýataly-la ... Gijäň rahat bolsun.

- Gijäň rahat bolsun...

“Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar...”

* * *

Saşa azda-kände türkmençe gepläp bilýändigine şeýle guwanýar. Şonsuz ol bu gyzykly zatlary bilip bilermidi? Kim bilýär, pylan zat diýip bolanok.

Ine, Atda aga ony köne dosty ýaly garşy alýar.

- Geleweri sakaldaş. Geleweri...

- Salam-aleýkum, Atda aga.

- Waleýkim essalam. Saglykmydyr, saglyk-gurgunlykmydyr, sakaldaş. Gel, geç...

- Bu - Çary. Biziň oglanymyz. Student.

- Gaty gowy, gaty gowy... Geçiň bakaly.

- Ýene oňat sorag bar, Atda aga.

- Soragyňy, ynha, çaý başynda diňläris, sakaldaş. Alňasama...

...Gije. Alawly ot. Çygly howada ýazyň ysy bar. Agyl. Asmanyň boýnundaky jaň käte bir zarňyldap gidýär. Mähnet Akbilek ýatan ýerinden kellesini galdyryp diňşirgenýär. Atda aganyň gürrüňleri...

* * *

“11 aprel, 1987 ý. Goýun iti hakda.

Atda aga gürrüň berdi, görüp otursam, düýbünden başgaça eken. Goýun itiniň gulaklaryny kesýärler, möjek gulagyndan tutmaz ýaly, bu bir. Ýöne esasy sebäbi başga: eşitgir bolýar, guýrugyny kesmekleriniň sebäbi, it burnundan üşeýär, şonuň üçin ýatanda ol burnuny guýrugy bilen ýapmagy gowy görýär. Guýrugyny kesseň, burnuny ýapyp bilenok, diýmek, üşäp ýatyp bilmeýär, üstesine burny hemişe ys alyp durýar.
Gör, bu adamlaryň bilip ýören zadyny...

* * *

“17 aprel, 1987 ý. Jaň hakynda.

Kiçijik jaňjagaz. Muny ozallar türkmenler, gör, nähili ajaýyp maksat bilen peýdalanar ekenler. Oňa “bazbent” diýilýär.

Çaganyň eşiginiň daşyndan ýagyrnysyna bazbent dakylýar. Çaga jaňjagazyny jyňňyrdadyp daşarda oýnapjyk ýör. Öýüň işi bilen başagaý enäniň bir gulagy şol owazda... Birden jaň sesi kesilse, enäniň ýüregine howsala düşýär. “Balam niredekä? Oňa näme bolduka?” Ol ylgap daşaryk çykýar, dört ýana delmuryp perzendini gözleýär...

O, bu diňe enäniň oýlap tapyp biljek zady, diňe enäniň”.

* * *

Täsin zatlar hakyndaky bu ýazgylaryny tukat gyş gijelerinde okap hezil edinjekdigine ol häzirden begenip otyr. Begenmezmiň?! Ýene şu ülkä gaýdyp gelen ýaly boljakdygyň görnüp dur ahyryn...

- Saşa, bu gün agşam Rejeplere - kolhoza gitmelidiris.

- Myhmançylykmy?

- Howwa. Onsoňam bu gün “Zenit” oýnaýar ahyryn.

- Dogrudanam, şu gündür-ow. “Şahtýor” bilen, şeýle dälmi?

- Ýogsam näme.

- Bararys, Çary... Lagerde kim nobatçy bolup galýar?

- Mihail Mihaýlowiç bije atarys diýdi.

- Bolubilýä, men razy.

...Depäniň günortasyndaky ikinji çuň gatlakda işläp ýörenleriň bir-ä gygyrdy: “Oglanlar, gowak!”

O nähili gowak? Alty metr çuňlukdaky ammar jaýy bolmaly ýerde?..

- Çary, ýör hany...

Aşakdaky işleýänleriň bary bir burça ýygnanypdyr. Lena olary görüp, elini bulady:

- Düşüň aşak. Näme dursuňyz? Gowak däl eken, Aleksandr Alekseýewiç. Ullakan boş hum bar. Agzyna gowakdyr öýdüpdirler.

- Düş aşak, student. “Esasy tapyndy”, ine şonuň içinde bolmaly. Düýbüni barlap göremzok entek.

- Sen gülen bolma, Lenoçka. Barybir “esasy tapyndyny” men taparyn, ine görersiň...

... Ýöne iň täsin tapyndy, hakykatdanam, şol humuň içinden çykdy. Beýlekiler üçin bu beýle uly täsinlik ýa möhüm zat däl bolsa-da ahmal. Saşa üçin welin, hiç haçan şundan uly açyş edilmejek ýalydy.

Ine, ol ortada göýä bir üýtgeşik guşuň enaýy jüýjejigini eline alan dek, goşawujyndaky ýylmanak, gögümtil daşa seredip ýylgyrýar. Onuň göm-gök gözlerinden daşa nur ýagýan ýaly... “O, bože... Kakoýe çudo... Kakoýe çudo...”

Daşyň ýüzündäki täsin şekil onuň akylyny haýrana goýupdyr. Gadymyýetde ýaşan göwni ýagty, eli ýiti suratkeş, gör, nähili ussat eken... Galkyjaklap, uçmaga meýil edip duran durnajyk... Daşyň reňkini diýsene. Hamala, ol suwuň düýbünde ýaly...

- O, meniň durnajygym. Uçasyň gelýärmi seniň? Göçüňden galaýdyňmy?

- Aleksandr Alekseýewiç, menem elime alyp göreýin-dä...

Üýşülip durulmagy naçalnigiň göwnüne ýaramadyk borly.

- Hany, ýerli-ýerimize baralyň, oglanlar. Agşamam futbol görmäge gitjek bolsak, birneme işläliň...

- Mihail Mihaýlowiç, men agşam lagerde galjak. Eger siz garşy bolmasaňyz, elbetde.

- Näme boldy, Aleksandr Alekseýewiç! Nämüçin?! “Zenit” oýnaýar ahyryn, Saşa.

- Işlejek, Mihail Mihaýlowiç.

- Ýeri, bolýa-da. Görüň ýagdaýyňyzy. Barybir galyp işlejek bolsaňyz, şol durnalyja daşyňam şekilini kagyza geçiriň. Men haýyş edýän, Saşa. Ýeriň astynda köp ýatan zatdyr, aýawlyrak sakla, owranyp ötägitmesin...

- Arkaýyn bolaýyň.

Saşanyň galjak bolmagynyň sebäbi-de şoldy ahyryn. Derrew kagyza geçirmeli...

* * *

Iňrik garalyberende, arheologlar uly şowhun turuzyp, maşynly oba tarap ugradylar. Lagerde Saşanyň ýeke özi galdy.

“Durnajygym, otyrmyň? Näme gözüňi asmana dikýäň? U-u-u-h...

Sen bu enaýy guşuň suratyny näme maksat bilen daşa geçirdiň, meniň gadymyýetde galan gardaşym?! Ýa bu bagt guşumy? Ýa-da siziň kowmuňyzyň ybadat edýän hudaýymy bu guş?

Sen bu işiňe näme at goýupdyň? At goýýanam dälsiňiz, bilýän. Gel, muňa ikimiz at goýaly. “Köňül guşy” diýsek bolmazmyka? Belki, “Horasanyň durnasy” deýeris, sen razymy? Gel, şeý diýeli-le. “Horasanyň durnasy”.

Bu daşa sen başga bir algyr guşuň, şir-peleňiň ýa goşa kelleli wagşynyň suratyny çekmänsiň. Sag bol, gardaşym, sag bol...”

Ol şemi ýakdy-da, suratly daşy ak kagyzyň üstünde goýdy. Ýagtyrak ýerde dursun... Indi işläbermeli.

Ol howlukman işleýärdi. Edil asyl nusgasyna laýyk edip, ilki daşyň, soň durnajygyň suratyny kagyza geçirmeli. Ilki aýry-aýrylykda, soň bütewi...

Saşanyň göwnüne, ol çala tirpildäp, ganat kakan ýaly boldy...

“O-o-o, durnajyk! Sen diri ýaly-la... Uçasyň gelýärmi?! ...Boýnunyň uzyndygyny. Aýdymda näme diýilýändir-ä?..

Durna geçer düzüm-düzüm,
Boýny ganatyndan uzyn...

Bu göçegçi, ömürbaky sergezdan guşlar bilen ynsan göwnüniň näme baglanyşygy barka? Nämüçin düzüm-düzüm bolup geçende, biz olaryň yzyndan dymyp garap galýarys? Hiç haçan, hiç kime aýtmajak sözlerimizi içimizden gaýtalaýarys. Geň. Öz iň gizlin pikirlerimizi, umyt-hyýallarymyzy yakyn adamlarymyza däl-de, bu älem-jahany keşt edip ýören guşlara ynanýarys. Syry bir adama aýtsaň - jahana dolýar, emma ony bütin dünyäni gezip yören guşlara ynansaň - bir adamam bilmeýär.

“...Seni tapanymyz, gör, nähili oňat boldy, şeýle dälmi, durnajygym? Seniň ussadyň ýagty pikirli adam eken. Gör, ol bize seni ýadygärlik üçin goýup gidipdir. Ýagty pikir ýer astynda ýatmaýar. Adamlar ony tapýarlar, durnajygym, tapýarlar...”

Saşa işi birýan ýüzli edensoň, gündeligine bellik etmäge oturdy. Ol bu günki täsin tapyndy hakdaky pikirlerini ýazýardy...

Daşarda maşyn sesi eşidildi. Oglanlar geldiler öýdýän. Şady-horram-a däl. “Zenit” utulaýdymyka?

...Oýun deňme-deň bolupdyr.

- Ýeri, jedeliňizi goýuň.

- Dogry-da...

...Çary derrew uklady. Sähel salymdan soň Saşa-da şemi üfläp, ýorgana girdi... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar, kenarlar, adalar, suwda balyklar, uçarda guşlar... Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun. Gijäňiz rahat bolsun, eje.”

* * *

Daňdanlar ol bir oýanjak ýaly etdi-de, ýene süýji uka batdy... Düýşmükä?! “Gyrryk... Gy-grr... Gyr-ruw...” Daşyň ýüzündäki durnajyk, ol ganatlaryny kakýar... Ine, ol birden daşyň ýüzünden çykdy-da, böküp, çadyryň agzyna bardy. Ganatlaryny gerdi-de, ýaşyl düzlüge baka ýorgalap başlady. Honha, ol göterildi. Aýaklaryny jüpläp, boýnuny gös-göni edip, ganat kakyp barýar. “Durnajygym!”

Ol tisginip ýerinden galdy...Durnanyň sesimi? Bu sowala daşardan ses eşidildi: “Gyrr-ryk... Gyrr-ruuw...”

Ol ylgap baryp, daşy garbady. Bir sekunt doňan ýaly bolup durdy-da, hasanaklap daşary çykdy. Jahan ýagtylyp barýar...

...Ýüzüp barýan ýaly... Günbatardaky beýik Namazgadepäniň - gonamçylygyň üstünden pessaýlap durna göçi geçip barýar. Biri yza galypdyr. Onuň bolup barşyny. Janawer... Häzir ol ýeter, hökman ýeter.

...Saşa öz durnajygyny tanady. Şol ahyryn. Ol gygyranyny soňundan bilip galdy: - Uçup gitdi... Ýet yzlaryndan! Ýet olaryň yzlaryndan. Meniň durnajygym...

Oglanlaryň iki-ýeke oýanany-da bar eken. Olar Saşanyň lagerden birneme uzakda bu bolup durşuna geň galyp, aňkarylyşyp seredýärler.

...Heniz olaryň hiç biri onuň gysymyndaky daşda indi durnajygyň şekiliniň ýokdugyny bilenok ahyryn.