Haryň işi  hardyr, dostlar,

Müň magtasaň, atça bolmaz.

Bedasyla emel etse,

Biliň, asyl zatçl bolmaz.


Pany dünýäge ynanmaň,

Altyn-kümüşe guwanmaň,

Giewlere köňül bermäň, —

Bir dogan zürýatça bolmaz.


Köp ýollarny görse gezüň,

Bir manydan bilseň özüň,

Bir  nadana  aýdan sözüň,   

Ösüp giden batça bolmaz.


Başyň ýassyga ýetende,

Sabyr, karar bolmaz sende,

Güýjüň-kuwwatyň gidende,

Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.


Magtymguly, ajap çaglar,

Kimse güler, kimse aglar,

Dürli  miwe beren baglar, 

Sowular jenietçe bolmaz ..

{youtube}https://www.youtube.com/watch?v=pGPWVUVAIec{youtube}