Pa­tik Çak­ra­bor­ti ýe­ne bir hy­ýa­la mün­di. Der­ýa­nyň ke­na­ryn­da­ky bat­ga­lykda kü­rek ýa­sa­mak üçin goý­lan töň­ňe ýa­tyr­dy. Ol bu töň­ňä­ni og­lan­lar bi­len üý­şüp, ýe­rin­den goz­ga­ma­gy hem uzak­la­ra äkit­me­gi ýü­re­gi­ne düw­di. Pa­ti­giň tek­li­bi­ni gol­dan og­lan­lar des­si­ne işe gi­riş­di­ler. Ýö­ne Pa­ti­giň ini­si Mak­ha­nyň ýag­şy­dan-ýa­man­dan zat diý­män, töň­ňä­niň üs­tü­ne ge­çip otur­ma­gy hem­mä­ni geň gal­dyr­dy. Og­lan­lar onuň bu ga­ra­şyl­ma­dyk he­re­ke­ti­ne aňk-taňk bol­du­lar. Ahy­ry ola­ryň eka­byr­rak­la­ry­nyň bi­ri gel­di-de, oňa ýe­rin­den tur­ma­gy bu­ýur­dy. Em­ma Mak­han oňa bar­my­sy­ňam diý­män, doň­ňa­radaş ýa­ly bo­lup, öň­kü­si ýa­ly ýe­rin­den but­na­man otyr­dy. Onuň bu bol­şy ça­ga oýun­la­ry­nyň wagt­la­ýyn güý­men­je­di­gi ha­kyn­da oý­lan­ýan pel­se­pe­çä meň­ze­ýär­di. Og­lan­lar sa­byr­ly­lyk edip, çy­da­jak bol­du­lar, ahy­ry Pa­tik ga­tyr­ga­nyp:
– Mak­han, tur ýe­riň­den, ýog­sam, eý­gi­lige garaşma!
Aga­sy­nyň öze­len­me­gi Mak­ha­nyň gu­la­gy­nyň ýe­le ýa­nyn­dan ge­çip git­di, ol gaý­ta ter­si­ne, has yk­jam or­naş­dy. Adat­ça, şeý­le ýag­daý­lar­da ini aga­sy­na gu­lak asaý­ma­ly­dy. Pa­ti­giň Mak­ha­na ýü­re­gi awa­dy­my ýa ini­si­niň ke­jir­li­gi­ne ke­jir­lik bi­len jo­gap ber­jek bol­du­my, ga­raz, og­lan­la­ra aga­jy Mak­han bi­len bi­le­lik­de it­me­gi bu­ýur­dy. Mak­han buý­ru­gy eşi­dip, aga­ja öň­kü­sin­den hem be­ter yk­jam ýa­pyş­dy. Se­bä­bi töňňeden düş­män, öz di­ýe­ni­ni gö­gert­mek onuň üçin uly ab­raý­dy. Ol bu işiň tö­wek­gel­çi­lik­li­di­gi­ni bil­se-de, men-men­lik paý­has­dan üs­tün çyk­dy.
Og­lan­lar: – Ha­ny, hem­mä­miz bir­lik­de, bir, iki, ü-ü-üç – diý­şip, töň­ňä­ni ýe­rin­den goz­ga­dy­lar. Olar eden iş­le­ri­ne buý­sa­nyp, şat­lyk-şow­hun bi­len gy­gy­ryş­ýardy­lar. Ýö­ne nä­me-de bol­sa, Pa­tik bi­raz gork­dy. Çün­ki inisi ýykyljakdy.
…Mak­han ag­lam­jy­rap, zor­dan özü­ni ke­na­ra at­dy. Ol de­mi­ni dür­sän­den soň, öý­le­ri­ne ba­kan ýö­nel­di. Pa­tik bol­sa, ýüz-gö­zü­ni sü­pür­di-de, der­ýa­nyň ke­na­ryn­da bi­reý­ýäm ula­ny­lyş­dan ga­lan ga­ýy­gyň bir kün­jün­de otu­ryp, ag­zy­na ot sa­lyp, çeý­ne­mä­ge baş­la­ny hem şol­dy we­lin, ke­na­ra bir ga­ýyk ýa­kyn­laş­dy. Ondan sa­çy­na ak gi­rip ug­ran murt­ly, or­ta ýaş­la­ryn­da­ky bir adam düş­di-de, Çak­ra­bor­ti­le­riň öý sal­gy­sy­ny so­ra­dy. Pa­tik ot çeý­näp otury­şy­na:
– An­ha, şo taý­da – di­ýip, bel­li bir ug­ry gör­kez­män, per­waý­syz­lyk bi­len jo­gap ber­di. Edil şol wagt hem Pa­ti­kleriň öý hyz­mat­kä­ri ge­lip, ony eje­si­niň ça­gyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ýö­ne og­lan­jyk oňa bar­my­sy­ňam diý­me­di, hat­da ýü­zü­ne-de se­ret­me­di. Pa­ti­giň bu bol­şu­na ga­ha­ry ge­len hyz­mat­kär ony tut­dy-da, ha­ýy­na-wa­ýy­na garaman, öýe äkit­di.
Pa­tik öýe gi­ren­den soň, ga­py­dan häl­ki nä­ta­nyş adam hem gi­rip gel­di. Pa­tik utanç­dan ýa­ňa gy­za­ryp, ýü­zü­ni ýe­re sa­llap dur­dy. Eje­si yza çe­ki­lip, häl­ki nä­ta­n­şa se­ret­di we­lin, ça­ga­la­ry­na ge­len ga­ha­ryn­dan nam-ny­şan gal­ma­dy. Çün­ki ge­len adam onuň do­ga­ny­dy. Og­lan­la­ryň eje­si: – Do­gan­jy­gym! Ni­re­den gel­diň? – di­ýip, aşak egil­di-de, onuň aýa­gy­na baş goý­dy. Pa­ti­giň eje­si dur­mu­şa çy­kan­dan soň, öýü­ne ge­len Bis­ham­ber at­ly do­ga­ny Bom­be­ýe gö­çüp, işe ýer­le­şip­di. Ol Bom­beý­de ýa­şap ýör­kä Pa­ti­giň ka­ka­sy ara­dan çy­kyp­dy. Kal­kut­ta şä­he­ri­ne gö­çüp ge­len­den soň bol­sa, so­rap-idäp, aýal do­ga­ny­ny ta­pyp­dy. Şeý­le­lik­de, da­ýy-ýe­gen­ler bir­nä­çe gün­le­ri­ni şat­lyk-şa­ga­laň bi­len ge­çir­di­ler. Bis­ham­ber ýe­gen­le­ri­niň bi­lim-ter­bi­ýe­si ba­ra­da so­ran­da, og­lan­la­ryň eje­si uly og­lu­nyň okaý­şy­nyň o di­ýen öwer­lik däl­di­gi­ni, onuň he­mi­şe di­ýen ýa­ly eje­si­ni oňaý­syz ýag­daý­la­ra sal­ýan­dy­gyn­dan zeý­ren­di. Uly og­ly ýal­ta hem ga­ra­gol­dy, em­ma Mak­han onuň ter­si­ne, ýu­waş, edep­li hem oku­wy­na yh­las­ly­dy. Ýe­gen­le­ri­niň ýag­da­ýy bi­len tan­şan Bis­ham­ber Pa­ti­gi öz ça­ga­la­ry bi­len bi­le­lik­de, Kal­kut­ta­da okat­ma­gy tek­lip et­di. Onuň bu pikirini ene­li-ogul der­rew unadylar.
Ýol şa­ýy tu­tu­lan­soň, Pa­tik zol-zol ha­çan ýo­la dü­şül­jek­di­gi­ni so­rap baş­la­dy. Og­lan­jyk uzak­ly gün bir ýer­de otu­ryp bil­män, aýa­gy bi­şen ýa­ly ikiba­ka zow­za­nak­la­dy, uzak­ly gi­je­si­ni çi­rim et­män ge­çir­di. Ol Mak­ha­na çeň­ňe­gi­ni, bat­bö­re­gi­ni hem jä­jek­le­ri­ni sow­gat ber­di. Ha­ky­kat­dan hem, git­me­li bo­lan­da, ol çäk­siz jo­mart­lyk gör­kez­di.
Pa­tik Kal­kut­ta ba­ryp, daýzasy bi­len ta­nyş­dy. Em­ma onuň bar ala­da­sy özü­niň üç og­lu­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­di. Pa­tik hem bu­la­ryň üs­tü­ne ar­tyk­maç ýük bol­dy du­ru­ber­di. On dört ýa­şan, mu­nuň üs­te­si­ne-de, oba­da önüp-ösen og­la­ny öz ogul­la­ry­nyň ara­sy­na goş­ma­gy Bishamberiň aýalyny uly alada goýdy. Ha­ky­kat­dan-da da­ýy­sy Pa­ti­gi ge­tir­män­kä, bu hak­da ma­za­ly­ja oý­la­naý­ma­ly­dy.
Dur­muş­da on dört ýa­şy­na ýe­ten ýet­gin­je­gi dog­ry ýo­la sal­mak­dan kyn iş ýok bol­sa ge­rek. Oňa ça­ga se­re­den ýa­ly se­ret­mek müm­kin däl, onuň özi hem mu­ňa döw­ta­lap bo­lup dur­ma­ýar. Olar ça­ga gür­rü­ňi­ni et­se, ula­lyp oňal­ma­dyk di­ýer­ler, uly adam ýa­ly gep­le­se-de edep­siz di­ýer­ler. As­ly­ýe­tin­de, ola­ryň her bir aý­dýan sö­zün­de ga­ha­ry­ňy ge­ti­rip bi­läý­jek ma­ny ýa­tan­dyr. Ýe­ti­şip bar­ýan dö­wür­le­rin­de bol­sa, gö­zü­ňe has-da ýa­kym­syz gö­rün­ýär. Ça­ga­la­ryň ha­ta­la­ry­ny ba­gyş­la­mak aň­sat­dyr, ýö­ne eý­ýäm on dört ýa­şan ýet­gin­je­ge ge­çi­rim­li­lik et­mek kyn­dyr. Çün­ki olar äh­li za­dy bil­ýän­di­rin öýdüp pi­kir ed­ýär­ler. Ulu­lar bi­len gep­le­şen­de ýa iç­gin­si­re­ýärler, ýa-da özü­ni ga­ty utan­jaň hem ýyg­ra alyp bar­ýar­lar. Bu ýaş­da­ky og­lan­la­ryň kal­by kim­dir bi­ri ta­ra­pyn­dan sö­ýül­me­gini hem gol­da­nyl­ma­gy­ny küý­se­ýär. Hut şo­nuň üçin hem olar der­rew özü­ne hor­mat goý­ýan hem sy­la­ýan ada­myň gu­lu­na öw­rü­l­ýär­ler. Ýö­ne hiç kim ola­ra açyk­dan-açyk söý­gü­si­ni bil­dir­mez. Çün­ki bu ýer­lik­siz he­re­ket ýet­gin­jek üçin er­bet gö­rel­de ha­sap edil­ýär. Ola­ryň kem­çi­li­gi­ni tap­ma­ga ge­zek ge­len­de we­lin, adam­lar edil eýe­si­ni ýi­ti­rip, ser­gez­dan­çy­ly­ga se­ze­war bo­lan it­le­re dön­ýär­ler.
Önüp-ösen öýi ýet­gin­jek üçin eş­ret me­ka­ny­dyr. Ýat adam­lar bi­len bir işik­den gi­rip-çyk­mak oňa diý­seň hup­bat­ly du­ýul­ýar. Ze­nan­la­ryň özü­ne ýyl­gy­ryp bak­ma­gy hem-de, özün­den hiç-hi­li kem­çi­lik tap­maz­ly­gy onuň üçin iň oňat şat­lyk­dyr. Da­ýy­sy­nyň öýün­de ça­gy­ryl­ma­dyk myh­man ýa­ly bo­lup ýa­şa­mak, hem-de özü­ne üns be­ril­mez­li­gi Pa­ti­gi gün geç­di­gi­çe gam la­ýy­na ba­tyr­ýar­dy. Eger bar­dy-gel­di daýzasy on­dan bir zat ha­ýyş edäý­se, ol diý­seň be­gen­jek­di. Em­ma ol Pa­ti­ge bol­gu­syz­ja he­re­ket­ler et­män, oku­wy bi­len bol­ma­gy tab­şyr­ýar­dy.
Bu öýüň ýü­re­ge­düş­günç ho­wa­sy Pa­ti­gi şeý­le bir gy­syp-go­wur­ýar­dy we­lin, ol bu ýer­de kyn­lyk bi­len dem al­ýan­dy­gy­ny duý­ýar­dy. Onuň ýa­ýy­lyp ýa­tan meý­dan­la­ra çy­kyp, tä­miz ho­wa­dan öý­ke­ni­ni dol­du­ryp-dol­du­ryp, dem ala­sy gel­ýär­di. Ýö­ne içi­ňi ýa­ka­ýyn di­ýen ýa­ly bu tö­we­rek­ler­de meý­dan­lyk bol­man, çar ta­ra­py­ňy şä­her öý­le­ri­niň di­war­la­ry gal­lap dur­dy. Pa­tik her gi­je öýlerine do­lan­jak gü­nü­ni göz öňü­ne ge­tir­ýär­di. Uzak­ly gün bat­bö­re­gi­ni uçu­ran, ýa­ýy­lyp ýa­tan ça­ýyr­ly meý­dan­la­ry­ny, şat­lyk-şa­ga­laň bi­len se­si­niň ýet­di­gin­den gy­gy­ryp hem aý­dym aý­dyp ge­zen der­ýa bo­ýu­ny, is­län wag­ty gi­dip, göw­nü­niň küý­seý­şi ýa­ly su­wa dü­şen ça­ýy­ny ýat­la­ýar­dy. Göw­nü­ne de­gen ýol­daş­la­ry we öz og­lu­na ters dü­şü­nen eje­si ha­kyn­da­ky ýat­la­ma­lar gi­je-gün­diz og­lan­jy­gyň beý­ni­si­ne ag­ram salýardy. Bu wagt­la­ýyn, öteg­çi duý­gu­dy; eý gör­ýän ada­myň has­ra­ty­ny çek­mek, özi ýok wag­ty ga­dy­ry­ny bil­mek, utan­jaň we ejiz og­la­ny ot­dan alyp, su­wa sal­ýar­dy. Hiç kim mu­ny duý­ma­sa-da, he­mi­şe onuň aňyn­da şu­lar aý­lan­ýar­dy.
Pa­tik mek­dep­de gow­şak oka­ýar­dy. Mu­gal­lym so­rag be­ren­de al­jy­ra­mak­dan ýa­ňa, ses-üý­nü­ni çy­kar­man dur­ýar­dy. Ça­ga­lar da­şar­da oý­nap ýör­kä, ol içer­de pen­ji­rä­niň öňün­de du­rup, has­rat­ly na­za­ry bi­len hol, alys­da­ky öý­le­riň üçe­gi­ni syn­lar­dy. Gün­le­riň bi­rin­de ol ahy­ry ýü­re­gi­ne daş bag­lap:
– Da­ýy, ha­çan öýümize do­la­na­ryn? – di­ýip so­ra­dy.
– Ka­ni­ku­la çen­li ga­raş – diýip, daýysy jogap berdi.
Em­ma dynç alyş möw­sü­mi no­ýabr aýyn­da bo­la­ny üçin, oňa en­tek ep-es­li wagt bar­dy. Bir gün Pa­tik okuw ki­ta­by­ny ýi­tir­di. Ki­tap­la­ryň kö­me­gi bi­len sa­pak­la­ry­na zor­dan ýe­ti­şip ýör­di we­lin, in­di bu-da müm­kin däl­di. Onuň ýag­da­ýy şeý­le bir agyr­la­şyp­dy we­lin, daýysynyň ogullary hem onuň bo­lup ýör­şün­den utan­ýar­dy. Ahyr­so­ňy ol daýzasyna ki­ta­by­ny ýi­ti­ren­di­gi­ni aýt­dy. Daýzasy do­dak­la­ry­ny çö­wür­di-de:
– Wah, öz maş­ga­la­myň ke­şi­gi­ni ger­de­nim­de çe­kip ýör­käm, in­di sa­ňa-da aý­da bäş ge­zek tä­ze ki­tap alyp ber­me­li­mi? – diý­di. Şol gün ag­şam Pa­tik mekdepden öýe gaýdyp gel­ýär­kä üşäp, kel­le­si agy­ryp baş­la­dy-da, ysyt­ma tu­tup ug­ra­dy. Ýö­ne onuň gor­ku­sy, ysyt­ma däl-de, eý­sem, daýzasyna dert-azar bol­mak­dy. Pa­ti­gi hiç ýer­den tap­ma­dy­lar. Uzak­ly gi­je bed­re­den gu­ýulýan ýa­ly ýa­gyş ýa­ga­ny üçin onuň göz­le­gi­ne çy­kan­lar sül­lüm­baý ezi­lip, öýe do­lan­dy­lar. Ahy­ry Bis­ham­ber po­li­si­ýa iş­gär­le­ri­ne ýüz tut­dy. Şol gün ag­şam po­li­si­ýa­nyň aw­tou­la­gy işi­ge ge­lip sak­lan­dy. Ýa­gyş hä­li-şin­di hem diňmän, kö­çe­le­ri sil su­wy al­dy­gy­na ýu­wup bar­ýar­dy. Iki sa­ny po­li­si­ýa iş­gä­ri Pa­ti­giň elin­den tu­tup, da­ýy­sy­nyň ga­şy­na ge­tir­di­ler. Pa­tik sül­lüm­baý ezi­lip, ýüz-gö­zü­ne çen­li pal­çy­ga bu­la­şyp­dy. Süňňi tit­räp, ysyt­ma tut­ýar­dy. Bis­ham­ber ony öýe sal­dy. Aýa­ly Pa­ti­gi gö­ren­den iňir­däp ug­ra­dy:
– Bu ça­ga ba­şy­my­za be­la bol­dy! Ony öý­le­ri­ne ibe­räý­me­li­diň!
Og­lan­jyk daýzasynyň bu söz­le­ri­ni eşi­dip, ag­la­ma­ga baş­la­dy:
– Da­ýy, me­n ýöne öýe barýardym, ýöne bular meni yzyma getirdiler.
Pa­ti­giň gyz­gy­ny ga­lyp, uzak­ly gi­je sam­rap çyk­dy. Bis­ham­ber luk­man ça­gyr­dy. Og­lan­jyk gy­za­ran göz­le­ri­ni zor­dan aça­ga-­da pe­ti­ge se­re­dip:
– Da­ýy, okuw gu­tar­dy­my? In­di öýe do­la­nyp bi­le­rin­mi? – di­ýip so­ra­dy. Bis­ham­ber gö­zü­niň ýa­şy­ny syl­dy. Ýe­ge­ni­niň ot ýa­ly gyz­gyn el­le­ri­ni aýa­sy­na alyp, bü­tin gi­jä­ni onuň bi­len bi­le ge­çir­di.
Patik er­te­si gün az wagt­lyk hem bol­sa, özü­ne gel­di. Kim­dir bi­ri­niň gel­me­gi­ne ga­raş­ýan ýa­ly ba­şy­ny gal­dy­ryp, ota­gyň içi­ne göz aý­la­dy. Gö­zü­ne üýt­ge­şik zat gö­rün­män­soň, ýe­ne umyt­syz­lyk bi­len ba­şy­ny ýas­sy­ga goý­dy. Ulu­dan dem al­dy-da, ýü­zü­ni di­wa­ra ta­rap öwür­di. Da­ýy­sy onuň nä­me küý­se­ýän­di­gi­ni bil­ýär­di, ba­şy­ny aşak eg­di-de ýu­waş­lyk bi­len:
– Pa­tik, eje­ňi ça­gy­ryp ge­tir­mek üçin yzyn­dan adam ýol­la­dym – diý­di. Şol gü­nüň er­te­si luk­man how­sa­la bi­len onuň ha­ly­nyň agyr­la­şan­dy­gy­ny aýt­dy. Pa­tik: “Ho-op, üç sa­žen. Ho-op dört sa­žen. Ho-op…” Gä­mi­ler­de de­ňiz­çi­le­riň şeý­le gy­gy­ryp eho­lo­ty su­wa taş­la­ýan­dyk­la­ry­ny ozal eşi­dip­di. In­di bol­sa deň­ze sa­pa­ra çyk­mak ge­ze­gi oňa ge­lip­di. Gün ýa­şyp bar­ýar­ka, Pa­ti­giň eje­si og­lu­nyň ýa­tan ota­gy­na ok ýa­ly aty­lyp gir­di. Ene gör­gü­li elew­räp, ag­la­ýar­dy. Bis­ham­ber ony kö­şeş­dir­mä­ge sy­na­nyş­ýar­dy:
– Pa­tik, og­lum, eziz og­lum!
Pa­tik çyr­py­nyp ýa­ty­şy­na bi­raz ra­hat­lan­dy. El­le­ri iki ba­ka he­re­ket et­me­gi­ni goý­dy we di­ňe “Eý?” di­ýip ýu­waş­ça ses­len­di.
Eje­si ýe­ne gy­gyr­dy: – Pa­tik, og­lum, ba­lam!
Og­lan­jyk haýallyk bi­len ba­şy­ny öwür­di we gözleri gamaşyp:
– Eje, ka­ni­kul döw­ri gel­di­mi?- di­ýip py­şyr­da­dy.
Terjime eden: 
Jemşit DURDYÝEW,
Garaşsyzlyk etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.