Yazdır
Üst Kategori: Kardeş Edebiyatlar
Kategori: Türkmenistan Edebiyatı
Gösterim: 2295

(Türkmenistanda geçirilen Halkara ylmy Geñeşe hödürlendi)

Türkmeniñ klassik şahyry „Nurmuhammet Andalyp“ hakynda, onuñ öz dogup ÿaşan ÿurdy bolan „Daşoguzda“ 2010-njy ýylyñ Mart aÿynyñ 10-12nji günlerinde geçirildi. Andalyp hakynda maslahaty gurnap alyp baran, Türkmenistanyñ ylymlar akedemiÿasynyñ golÿazmalar institusiniñ ÿaÿradan bildirişinde şeÿle setirler bar:

„Taryhçy, terjimeçi, filosof, türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji dessançy şahyr diýip tanalýan Nurmuhammet Andalyp (1660-1740) Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň Garamazy obasynda eneden dogulyp 1740-nji ýylda aradan çykypdyr.

Nurmuhammet Andalyp döredijilik işine ýaşlykda başlapdyr. Onuň döredijiligi tematik hem tär taýdan köp taraply we baý. Ideýa çeperçilik taýdan bolsa, örän ýokary hem täsirlidir. Ol özüniň çuňňur zehini, ajaýyp talanty bilen birtopar goşgudyr-gazallary, “Oguznama”, “Nesimi”, “Sagdy Wakgas”, “Kyssaýy Fyrgun”, diýen poemalaryny “Ýusup-Züleýha”, “Babaröwşen”, “Zeýnelarap”, “Leýli-Mejnun” ýaly dessanlaryny hem-de “Melike-Mährinigär” powestini döredýär. Şahyr mundan başgada arap dilinden “Maksatnama”, pars-täjik dilinden “Dört peri”, “Mürze Hemdem” diýen dessanlary türkmen diline terjime edýär. Ussat şahyr Nowaýynyň, Fizulynyň, Jamynyň, Wepaýynyň we başgalaryň gazallaryna tahmyslar ýazýar…” 

Meniñ ylmy geñeşe, taÿynlan tezisim, bu beÿik milli şahyryñ “Oguznama” poemasy (mänzumesi) hakyndady. Men bu tezisi, örän bimahal, diñe 39 ÿaşynda aradan çykan, emma şol gysga ömründe-de mähriban halky üçin uly yz galdyryp giden milli alym Ahmat Bekmyradyñ “Andalyp hem Oguznamaçylyk Däbi” atly gymmatly eserini esas alyp ÿazdym. Ony, çaklañja makala şeklinde hormatly okyjylara hödürleÿärin:

Giriş: Makalanyñ birinji bölüminde-de belläp geçişimiz ÿaly; arheologiÿa, taryh, linguistik, etnografiÿa, toponimiÿa we sungaty öwreniş ylymlarynyñ subut etmegine görä Türkmenistan adamzat medeniÿetiniñ iñ gadymy ojaklarynyñ biridir. Türkmenistan jografiÿa taÿdan Gündogar bilen Günbataryñ arasyndaky iñ ähmiÿetli yktysady, siÿasy we medeni ÿolyñ, ÿagni häzir “ÿüpek ÿoly” ady bilen tanalÿan ÿoluñ geçidinde ÿerleşeni sebäpli örän hereketli hem çylşyrymly taryhy başdan geşirÿär. Bir tarapdan dürli medeniÿetleriñ garşylykly täsirinde ösÿär, ÿene bir tarapdan bolsa bu ähmiÿetli yoly ele geçirmek ugrundaky aldym-berdimli söweşlere, weÿrançylyklara, göçlerdir bosgunçylyklara sezewar bolÿar. Emma her hili agyr şertlerde-de biziñ ata-babalarymyz ÿagny bir-birini her tarapdan goldaÿan; Köpetdag eteklerindäki oturumly çomur ilat bilen Demirgazykdaky garyndaş maldar çarwa taÿpalar öz watanlaryny merdana goraÿarlar we hiç haçan ÿurtlaryny boşadyp gitmeÿärler. bozulyp dargasalar-da gaÿtadan daÿanyp gurÿarlar. Özleriniñ geçmişini hem kimligini unutmaÿarlar. Hut şonuñ üçin-de biziñ milletimiz, müñlerçe ÿil dowamynda öz milli durkuny bozman saklap bilen az sanly uluslaryñ biridir. Nurmuhammet Andalyp we onuñ “Oguznamasy” biziñ bu aÿtÿanlamyzyñ özboluşly nusgalarynyñ biridir.

Oguznama Türk dilli uluslaryñ atasy hem nesilbaşysy Oguzhan we onuñ döwri hem-de onuñ soñraky nesilleri we ondan dörän uluslar hakyndaky dessan, başgaça aÿdanymyzda Türk uluslarynyñ gadymy taryhynyñ gysgaça görnüşidir. Bu dessan ÿüzlerçe, belki-de müñlerçe ÿyldan bäri dürli şekillerde halk arasynda ÿaşap gelipdir. Oguznama dessany taryh boÿy Türkmen ulusynyñ milli barlygynyñ hem bitewiliginiñ simbolyna öwrülipdir. Mysal üçin, Çengizhanyñ hüjüminde Muhemmed Harezmşahyñ uruşmadan boÿun egip diñe Türkmenleriñ Jelaleddiniñ ÿolbaşçylygynda watany goramak üçin söweşe girmegi netijesinde, Türkmenistanyñ şäherleri tozap ilaty dargaÿar. Andalyp bu barada şeÿle ÿazÿar:

                          Muhammet han Harezmi patyşasy,

                          Uruşmasdan gaçyp il tutdy ÿasy.                                                                                                          

Emma şeÿle agyr hem aÿylganç şertlerde-de biziñ ata-babalarymyz özüne gelip aÿaga galyp, milli kimliklerini gaÿtadan dikeldip başlaÿarlar. Şeÿle taryhy döwürde-de Oguznama dessany uly rol oÿnaÿar. Türkmen taryhçysy “Salyrbaba Kulaly” 1555-56njy ÿyllarda özüniñ “Taryh Salyrbaba” eserinde Oguznama dessanyna uly orun berÿär. “Dana Ata”  (XV-XVI-njy asyr) Oguznamany goşgy görnüşinde ÿazÿar.

VII-VIII-nji asyrlardan başlap Oguznama Türk dilinden Deri diline-de terjime edilÿär we doly görnüşde Reşided-diniñ “Jameot-täwaryh” esrinde bar. Ýokarda ady geçen A. Bekmyradyñ açyklamasyna görä - Oguznamanyñ Reşided-din we Abulgazy nusgalarynda yslamyñ täsiri bar, emma gadymy Uÿgur ÿazuwyndaky hem-de Andalyp nusgalarynda yslamyñ täsiri ÿok – ÿagny Andalyp Oguznamasyny yslamdan has ozalky zamanlardan bäri Türkmenleriñ arasynda aÿdylyp gelÿän Oguznamanyñ esasynda ÿazypdyr. Taryhçy Abulgazi Bahador Hanyñ özi-de “Şejereÿe Tarakime” kitabynda; “Türkmenleriñ arasynda dürli-dürli Oguznamalar bar, men Oguznamany olaryñ ÿaşulylarynyñ islegi boÿunça ÿazdym” diÿip nygtaÿar.

Andalibiñ Oguznamasyna  gysgaça syn:

    Andalybyñ Oguznamasy bir giriş hem 12 dessandan ybarat bolÿar. Bu gysga emma azdan-uz eserde şeÿle bir ähmiÿetli taryhy we medeni meselelere degip geçÿär, olary bu gün ylmy taÿdan açyklamak üçin bir uly kitap ÿazmaly bolar diÿip düşünÿärin. Bu makalanyñ çäginde, örän ünsümi çeken birnäçe meselä degip geçmekçi:

Andalyp Oguznamasynyñ giriş bölüminde, Gündogar taryhçylarynyñ däbine uÿmak bilen, Oguzhanyñ neslini Adam-Ata we Höwe-Ene hem-de hezreti Nuhdan alyp gaÿdÿar:

                         +          +          +

              Tufaÿlydan ÿaratdy külli eşÿa,

              Tky Adam Ata hem Mama Howa.

 

              Onuñ onunjy ogly hezreti Nuh,

              Kylyp tufan, jahan ählini mejruh.

 

              Ki ondan soñ onuñ nesli jahana,

              Ýaÿyldy pytraÿyp, kim dört ÿana.

 

              Oşol Nuh ogly Ýafsden dogulan,

              Türkden kança il önüp, aÿylan.

 

              Soñ Türk neslinden dogan Oguz han,

              Anjakly bu jahana kyldy seÿran.

 

              Onuñ wakalaryn ÿazmakga gaÿym,

Bolgan bu Andalyp arzuwda daÿym.

            +             +           + 

            Bu ÿerde Andalybyñ yşarat edÿän Nuh Tupany adamzat taryhynda ÿüz beren bir uly tebigy weÿrançylykdyr. Bu hadysañ iñ gadymy yzy, takmynan 5000 ÿyl mundan pahna ÿazuwynda ÿazylan Sumer tekstlerinde bar. Ol soñ Töwrata, Injile we Kur-ana-da geçÿär, şonuñ ÿaly-da, resmi dinlerden üzñe ÿaşaÿan Altaÿdaky şaman Türklerde-de bar. Türkmenlerde bir wakanÿñ gaty könedigini aÿtjak bolanlarynda, “Nuhuñ Tupanynda bolan zat” diÿilÿär.

            “Oguz Hanyñ Itbarak han bilen söweşi” atly birinji hem-de “Gypjak Hanyñ Dogulmasy Hakynda” atly ikinji dessanlarda, Oguz hanyñ şowly-şowsyz söweşleri, Hytaÿdan Eÿrana çenli ülkeleri öz içine alÿan, guran hökümeti hem-de Oguz handan Çengiz hana çenli döwri gysgaça beÿan edÿär:

 

                        Gadym eÿÿam Keÿumersiñ zamany,

                        Türk öwlady içre döredi bir Han.

                                   +          +          +

                        Gara han ogly ol, kim ady Oguz,

                        Bolup şalykda manendi Süleÿman.

 

                        Zaman ahwaly erdi adyndan düz,

                        Abulhan dagyndan ol kyldy seÿran.

 

                        Birinji seÿirde bardy Hytaÿa,

                        Baryşda garşy durdy “Itbarak” han.

                                   +          +          +         

                        Ki ondan soñ baryp Eÿrany aldy,

                        Yrak, Häzirbeÿjan, Teÿrany aldy.

 

                        Oşondan Gypjak iliñ daşdy bagty,

                        Atil (Itil) deñiz gyragy erdi tagty.

 

                        Mükemmel Deşti-Gypjak ady bilen,

                        Beÿik Hakanlyk aldy zaty bilen.

 

                        Oşol günden dogup Gypjak zamany,

                        Ki bu ÿañlyk görseterler dessany.

                                   +          +          +         

                        Oguzdan tä Çingiz hana çenli,

                        Geçipdir dört müñ ÿyl, taky elli.

            Bu bölümde birnäçe taryhy hakykatlaryñ yzyny görÿäris. Mysal üçin, iñ soñky setirlerde Oguz handan çengiz hana çenli dörtmüñ elli ÿyl geçendigi nygtalÿar. Eger-de Çengiz handan bärini-de hasaba alsak, takmynan 5000 ÿyllyk bir taryhdan söz edilÿär. Bu bolsa ÿokarda-da belläp geçişimiz ÿaly arheologlardyr taryhçylaryñ berÿän soñky maglumatlaryna gabat gelÿär. Mysal üçin, Oguz adynyñ, taryhy çeşmelerde we Ensiklopediÿalarda Öküz sözünden gelip-çykandygyny nygtaÿarlar. Ýagny adamzadyñ     ekerançylyga geçmegi netijesinde Öküzüñ mukaddaslaşyp tuteme öwrülmegi bilen, ynsan ady üçin ulanylÿar. Bu döwür bolsa Türkmenistanyñ Köpetdag eteklerinde takmynan 6000 ÿyl mundan öñ başlanÿar. Altyndepeden tapylan sap altyn we ÿakutdan ÿasalan öküz kellesiniñ heÿkeli munuñ aÿdyñ subutnamasydyr. Bu heÿkel biziñ günlerimizden öñki bäşinji müñÿyllyga degişlidir. Türkmenlerde Öküz we Tana ÿaly ynsan we taÿpa adynyñ, şonuñ ÿaly-da ÿyldyzlaryñ arasynda “Öküz” ÿyldyzynyñ bolmagy-da örän manyly delildir.

            Oguz hanyñ dört oglunyñ adynyñ “Gök han”, “Aÿ han”, “Gün han” we “Ýyldyz han” bolmagy, Sumer dini ynançlaryndaky, tebigatyñ esasy dört güÿjüne degişli “Anu” (Gök tañrysy), “Enki” ( Ýer tañrysy), “Enlil” (Ýel we Howa tañrysy) we “Ai” (Aÿ tañrysy) bilen gabat gelÿär. Bu dini ynanç-da adamzadyñ ekerançylyga başlan döwründe ÿüze çykan “Naturizm” dinine degişlidir.

            Belli sumereolog prof. Fritz Hommel-de Sumer dili bilen Ural-altaÿ dil toparynyñ arasyndaky baglanşyklaryñ daşyndan hem, gadymy Türkleriñ dini ynançlarynda-da Sumerleriñ ynanjyna gabat gelÿän, ÿokarda “Gök Tañry” we aşakda “Ýagyz Ýer”  we gök bilen ÿeriñ arasyndaky başga-da tañrylara ynanandyklaryny ÿazÿar.

              Ýokardaky “Itbarak han”yñ adyna gelenimizde bolsa, örän gyzykly hem manyly mesele “Barak” sözidir. Bu söz Sumer ÿazuwlarynda jennet haÿwany bolan “ÿyndam it” manysynda gelÿär. Gadymy Türk ynanjyna görä, şamanlar-da Barak adynda bir köpege münüp uçma (jennete) gidipdiler. Bu gün hem Gyrgyzlarda tüÿs köpege Barak diÿylÿär. Türkmen dilinde bolsa barak bir guşuñ ady. Bularyñ hemmesi Andalybyñ 5000 ÿyllyk taryh hakyndaky pikrini goldaÿar.

 

Andalyp 4-nji dessanynda Oguz hanyñ Itbarak hany ÿeñip üly hökümet guran 

döwrüni wasp edÿär, 5-nji we 6-njy dessanlarda bolsa, umumy gündogar edebiÿatynda däp bolşy ÿaly Iran-Turan söweşlerine hem-de Gypjaklar, Pişdadiler, Äşkanylar, Halaçlar, Sasaniler we Mogollar ÿaly häkim taÿpalaryñ-da ady geçÿär. Emma her ÿerde Oguz han Adalatyñ, medeniñetiñ we ylym-bilimiñ goraÿjysy hökmünde çykyş edÿär:

        Oşol wagty ki ÿeñdi Itbarak han,

        Gelip, esger mükemmel kyldy soltan.

 

        Ýatyp, on ÿedi ÿyl çerk eÿledi jem,

        Tamamy ÿaş-burna her biri bir şem.

 

        Kylyp Türk ilini olar ylma-ÿagty,

        Dynçlyk miwe berdi-güÿç daragty.

 

        Ahalysy aÿşy gün-günden ösdi,

        Ylm, edebi, sungat boldy kasdy.

 

        Jemagat şowky ki gün geldik artyp,

        Adly-ahenrobasy ilni tartyp. 

 

                        Ýygyldy ÿañy baÿdak saÿasynda,

                        Doguldy ÿeni hişmet raÿatynda.

                                   +          +          +

                        Şu ÿanlyg ösdi Oguz han bagt daragty,

                        Bütin dünÿäge saÿa saldy tagty.

                                   +          +          +         

                        Türk ady tutulandan jahanda,

                        Heman-a gorky gelgeÿ erdi janda.

 

                        Baran jaÿy uruşsyz boldy raÿat,

                        Tarakky tapdy Türk ili bigaÿat.

                                   +          +          +         

                        Keÿumersden soñraky ogly Huşeñ,

                        Bolup şa, ÿer ÿüzünde çaldy ÿüz heñ.

 

                        Gezip daglarda, döw birlen uruşdy,

                        Taky türk arasyndan ÿoly geçdi.

 

                        Onuñ birlen uruşdy Oguz getal,

                        Ýeñip atlandy Ki- gahryman getal.

 

                        Gyryldy onda gaÿet sansyz çerik,

                        Bulara galyp oldy keşweri Türk.

 

                        Ýeñlip boldy rygaÿat şahy Huwşeñ,

                        Uruşda başlşk etmişdir ony soñ.

                                   +          +          +         

                        Garaz, müñlerçe esger bilen Oguz han,

                        Geçip Amu üstünden, bardy Hurasan.

 

                        Ötüp Yrak, taky Häzirbeÿjana,

                        Ýetişdi Ermeniden, Müsüre Şama.

 

                        Bu jaÿlaryñ bolanny kyldy raÿat,

                        Bulardan şat olmuş ili bigaÿat.

 

                        Ol illerde gurup bir täze düzgün,

                        Türk hakanlygy çoh daşdy-dyzgyn.

 

                        Düzüp illerde mejlis patyşana,

                        Özünden galdyruwga bir nyşana.

 

                        Açardy täze düzgün, täze ÿollar,

                        Oguzdan şat erdi ki barça iller.

 

                        Umytlan, Andalyp, sen hem şatlykga,

                        Aÿagy sunsa saky jemgy halka. (Aÿak: meÿ piÿalasy)

 

         7-nji, 8-nji we 11-nji dessanlarda Oguz han dünÿäniñ ilkinji soltany hökmünde adalaty, düzgün-tertibi hem yktysady ösüşi  ÿola salyp berkidenden soñ, onuñ 24 sany Oguz taÿpasyna beren tamgalaryndan 24 harply Oguz elipbiÿi dörändigi we bu ÿazuwyñ uzak wagtlap ulanylandygy hakynda örän gyzykly maglumatlar bar:

                     Birinji basgajy şahy-zamana,

                     Oguz handyr, dogup, çykdy jahana.

 

                     Türki dünÿäsiniñ başlangşjş ol,

                     Bilik dünÿäsinde iñ birinji ol.

 

                     Senagat babynyñ owwal binasy,

Pesahatyñ jahanda düÿp enesi.

 

Bina kyldy araba-ÿük daşuwga,

Kömek boldy göçüp bir ÿan aşuwga. 

 

Ýazuw-hat dogduruwjy akyl öÿünde,

Bütin durmuş tüzüwleriñ küÿünde.

 

 

Gadam goÿdy açarga biz üçin ol,

Watan açdy Türkiler, siz üçin ol.

 

Tebigatny ÿeñüwniñ gahrymany,

Bolup, durmuşa sapdy kamrany.

            +          +          +         

 

Taky her kaÿsyna bir tamga belli,

Mukarrar kyldy Oguz han şu zeÿlli.

 

Täämmul birle fenniñ bir şekilni,

Çyzarga oÿlanyp tutdy akylny.

 

Birinji, bolsun inji maly belli,

Ikinji, bolsun urug-ili belli.

 

Oşol tamga bilen maly bilinsin,

Görüwde kim olaÿ, haly bilinsin.

            +          +          +         

            8-nji dessanyñ birinji bölümünde Oguz tamgalary hakynda halk tarapynda ÿasalan matal söz galyndylarynda şeÿle setirlere gabat gelÿäris:

                        Atasy akyl,                            Enesi nakyl,

                        Bir gyz dogurmuş,                Ýigrim dört şekil.

 

                        Şu ÿañlyg gözel,                    Milletiñ ÿary,

                        Bul, bizden owwal,               Bosa-da zary,

                        Iliñ gözünde,                         Görülen imes,

                        Türk ili dünÿä,                     Inenden bäri.

                        Kim alsa ony,                        Bütin ömrüni,

                        Şat bolup geçirgeÿ,               Tut bul emrini.

                                               +          +          +         

Bu dessanyñ ikinji bölüminde bolsa, tamgalaryñ elipbi usulyna geçmesi we bu ÿazuwyñ üsti bilen ÿürek syryny iline açmasy hakynda şeÿle setirler bar:

            Köñlüme getirdim,               Golumdan ötürdim,

            Bir-birden gaçdy,                 Tirkeşip uçdy,

            Ýerli-ÿerinde,                        Düzüp bitirdim,

            Ki ÿürek syrymy,                 Ilime açdy.

Ýokardaky dessanlarda biz örän ähmiÿetli ylmy hakykata gabat gelÿäris. Ol bolsa, ÿazuwyñ we elipbiÿiñ dünÿäde ilkinji gezek tamgalar we belgilerden (ideogramlardan) ÿüze çykanlygy bu gün ylmy taÿdan subut edilen meseledigidir. Tamgalaryñ ÿazuwa öwrülmeginde edil ÿokarda görşümiz ÿaly, bu tamgalary yktysady gatnaşyklarda, ylaÿta-da söwdada ulanylmagy aÿgytly rol oÿnapdyr. Bu mesele Sumer ÿazuwyny öwrenen alymlaryñ tarapyndan anyklandy. Bu hakykaty doly göz öñüne getirmek üçin, hormatly okyjylaryñ dykgatyny aşakdaky tablitsa (garşylaşdyrylan belgilere) çekÿärin. Bu tablitsa tanymal alym W. M. Masson tarapyndan “Müñ şäherli ÿurt” adynda Alman dilinde çapdan çykan eserinde, ylym dünÿäsine hödürlendi. Onda, Türkmenistandan tapylan alty sany ideogramyñ (tamgalaryñ); gadymy Sumer, Ilam we Hindistanyñ Harappa (Hindistanyñ Arÿa diÿilÿän taÿpalaryñ gelmezinden azyndan iki müñ ÿyl öñ, ÿerli ilatyñ döreden medeniÿetiñ ady) ÿazuw belgilerinde gaÿtalanÿandygy görkezilÿär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

                (Vadim M. Massonyň ýokarda ady geçen kitabyndan, s. 38)

 

  1. Günorta Türkmenistandan tapylan belgiler
  2. Ilamdan öňki ỳazuw belgileri
  3. Irki Summer ỳazuw belgileri
  4. Hindistandaky Harappadan tapylan belgiler

 

                      

 

9-njy we 10-njy dessanlarda Oguz hanyñ Şama we has günbatara eden ÿörişleri we dolanyp watana gaÿdyp gelmesi, özi patyşalykdan el çekip, ÿurdy ogullaryna tabşyrmasy hakynda söz edilÿär:

            Kylyp onda ÿurduny üçge taksym,

            Her iki oglun onda goÿdy häkim.

 

            Özi hem patyşalyk terkin etdi,

            Girip gara, pena ÿoluny tutdy.

11-nji dessanyñ sözbaşysy: -“Oguz Han ogullaryny patyşalyk makamda oturguzyp, nesihat kylmagy”- bolup, onda şeÿle setirlere gabat gelÿäris:

                                   +          +          +         

            Haÿyr bilen garap işiñ ahyryn,

            Ýetişdim maksadymga biri-birin.

 

            Heman-a maksadymny il gözüge,

            Bezäp tutdum ki, ol çeksin özüge.

                        +          +          +         

            Garaz men almaÿan bir igne golga,

            Süÿjük til birle saldym halky ÿola.

                        +          +          +         

            Diÿmes erdim jahana: “Munda gelgil!,

            Meniñ bargan ÿolumda birle bolgul!”.

 

            Birinji sözüm öz tutduk myradym,

            Bezäp ili çekdiriwge gaÿratym.

 

            Tamam wyjdanym ile ondag etdim,

            Bu gün görgül, kemal-maksatga ÿetdim.

            Onuñ ÿoly şudur, deñlik, adylny,

            Bezäp tutdum, özi berkirdi ilni.

 

            Birewge etmedim men kast ile jebr,

            Jebir görsem-de belki, eÿledim sabr.

                        +          +          +         

            Niçem ÿyllyk watan girgizdim ilge,

            Beÿik hakanlyk açdym Türki tilge.

 

                        Kişi kim barsa deñlik ÿolda dogry,

                        Onuñ şumluk sary gaÿrylmaz ugry.

 

                        Eger goÿsañ gadam jebri-zulumga,

                        Owwal galgusydyr özüñ elemge.

 

                        Eger söÿmese il, baran ÿoluñny,

                        Gararga ÿok kişi, şumluk halyñny.

 

                        Hökümetge ragaÿat bolmasa dost,

                        Oña akyl kişiler etmegeÿ kast.

 

                        Olar öz gabryny öz eli bilen,

Gazypdyrlar ki, halkdan ilki birlen. 

                                   +          +          +         

                        Adyldan özge maksat hana laÿyk -

                        Degildir, siz taky belläñ halaÿyk.

 

                        Akyl bir söÿgüli magşuk jahanda,

                        Oña ÿok duşman äşgär, nahanda.

                                   +          +          +         

                        Zulum zakgunyny dadyrsañ ile,

                        Ragaÿatsyz, bakyñ şadan ne bolgaÿ.

 

                        Gel, eÿsem, Andalyp, kyl sözi kuta,

                        Oguz han ruhyga etmekge pata.

 

                        Tapylsa, dosty-ÿaryñ birle meÿni –

                        Içip, bir azyrak özgerse beÿni.

 

                        Olarnyñ halyny göz aldyga biz,

                        Getirip, sözleşerge bermişem söz.

Iñ soñky 12-nji dessanyñ ady: „Andalybyñ Türk Hatynyñ Ýitmesi Hakyndaky Matam-mersiÿesi“ bolup, Onda Yslam dini bilen Arap hatynyñ gelmegi we Türk diline uÿgun Oguz hatyny gysyp çykaryp, yok edendigini gynanç bilen ÿatlap, ÿas goşgusyny (mersiÿäni) ÿazÿar:

              Bir asmany-bela inip nahandan,

              Ýuwutdy ol dürri-gymmat bahany.

 

              Tiriklikde zerur ol bize jandan,

              Oguz öwladynyñ ruhy-rowany.

 

              Egerçe Nuh ÿaşyny berdi Möwla,

              Taky bermiş bu gün bady-hazany.

 

              Ki bize ençe ÿyl durganyñ owla,

              Bela sanjan imiş tiri-gazany.

 

              Ony ret eÿlemek emri-mahaly,

              Mähw olmas diÿdi, onuñ ÿazany.

 

              Birew ret kylmaga bolsa mejaly,

              Kim ol merdud hem iliñ azany.

 

              Ýaşyñ üç müñden aşyp dörde mündi,

              Bu ÿaşda çekmediñ renji-azaby.

 

              Oguz öwladydan aÿryldyñ indi,

              Ki bizlerge goÿup matam-azany.

 

              Seni asmany-ajdarha ÿuwutdy,

              Sen ol Ýunus, girip tutduñ mekany.

 

              Jemalyñdan jahan köñlün sowutdy,

              Men oldum Andalyp – waspyñ ÿazany.

 

            Andalybyñ habary bolan bu ÿazuw, şol gadymy Oguz tamgalaryndan döräp kämilleşen „Türk Runik“ ÿazuwydygy birnäçe alymlaryñ tarapyndan kesgitlendi. Ýokarda ady geçen alym Ahmat Bekmyrat hem bu hakykaty, Oguz Tamgalaryny birnäçe  Runik ÿazuwlary bilen garşylaşdyrmak arkaly subut edÿär.                       

Emma gynansak-da kä alymlar, belli siÿasi maksatlar bilen däbe öwrülen we ähli medeniÿetiñ Hindi-Ýewrupaly halklara degişlidigini wagz edÿän köne düşünjelere uÿmak bilen: Hamana bu ÿazuwy Türkler günbatardan alanmyş diÿen pikiri öñe sürÿärler. Emma soñky ÿyllardaky açyşlar bu ÿazuwyñ Türkleriñ, Oguz tamgalaryndan döreden öz önümleridigini subut etdi. Mysal üçin, Gazak alymy prf. Altaÿ Amanjolow, Gazagystanyñ Esik şäheriniñ töwereginden tapylan Runik ÿazuwlaryñ Sak (Iskit) taÿpalaryna degişli bolup, diliniñ hem Türkidigini subut etdi. Onuñ bu pikirini birnäçe Ors alymlary hem goldaÿarlar. Şonuñ ÿaly-da ol, bu ÿazuwyñ, 1500 ÿyl Türki halklaryñ tarapyndan ulanylyp, 10-njy asyrda ÿitendigini nygtaÿar. Bu bolsa Andalybyñ, Şakandynyñ we -„Arap haty boldy diller güÿesi“ (kä nusgalarda: Arap dili boldy diller güÿesi)- diÿÿän Şeÿdaÿynyñ öñe süren pikirleriniñ dogrydygyny goldaÿar. Üstesine-de bu alymyñ pikrine görä, Sak taÿpalary Türkmenistandaky Balkan Dag eteklerinden Gazagystana göçüp barypdyrlar. Sakaw, Sakar ÿaly Türkmen taÿpalarynyñ barlygy-da bu alymyñ pikirini goldaÿar diÿip düşünÿärin. 

Elbetde Andalybyñ Oguznamasynda başga-da birnäçe açylmaly syrlar, şonuñ ÿaly-da taryhy taÿdan käbir jedelli meseleler-de bar. Bular barada geljekde ençeme işler ÿazylar diÿip düşünÿärin.

Bu makalanyñ soñunda sözümi şeÿle jemleÿärin: XVII-nji asyrda şeÿle ylmy hem ösen düşünjeleri, diline däbine bolan çäksiz söÿgini hem pozitiw milli duÿgulary, şonuñ ÿaly-da beÿik umanizmi jar edip bilen şahyr, diñe bir Türkmenler üçin däl, eÿsem dünÿä möçberinde-de örän beÿik şahsyÿatdyr. Biz şeÿle beÿik şahsyÿatymyza, ony gujagynda besläp dünÿä hödürlän Milletimize guwanmaga haklydyrs, we guwanmalydyrs.

  1. Gerey, Berlin - 16 April 2011              dangatar@web.de 

 

         Çeşmeler: