Kitabyñ internet saýtlaryna berilmegi hakda gysgaça düşündiriş:

            Bu kitap başlamgyçda meniñ merhum prf. Nazar Gullanyñýolbaşçylygynda „Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwesitesiniñ“ dil we edebiýat bölüminden ylmy dereje almak üçin 1993-nji ýylda ýazan ylmy işimdi (ser. aşakdaky dokumente). Ony, Türkmenistanyñ uly alymlary merhumlar: prof. N. Gulla, arheolog akademik Ŷegen Atagarryýew we etnolog prof. Soltanşa Atanýazow ýörite syn ýazmak arkaly goldadylar. Emma, ylmy dereje goralýan merkezleriñ ýapylmagy hem togtadylmagy sebäpli  bu iş  netijesiz galdy. Men başlan işimi dowam etdirip kitap görnüşinde taýynladym hem-de dilçi alym dr. Atageldi Öwezow teksti dil taýdan gözden geçirmegi bilen çapa taýyn boldy. Emma gynansak-da bu litaby, şonuñ ýaly-da Part (Pafiýa) döwri hakynda ýazan ikinji kitabymy Türkmenistanda Türkmen dilinde çap etdirmek mümkin bolmady.

            Kitaplary Türkiýe türkçesine öwürüp alymlara hem çaphanalara hödürledim. Birinji kitabym (5 bil yillik Sumer-Türkmen baglari) ençeme gezek, ikinji kitabym bolsa (Büyük Part Türk Devleti) iki gezek çap edilip halka ýaýradyldy. Birinji kitaby pars diline terjime etdim  .(سومریان نیاکان ترکان)Ol hem Azerbeýjanly doganlarymyzyñ tarapyndan Eýranyñ Tebriz şähärinde çap edilip halka ýaýradyldy. Kitaplar ençeme alymlaryñ tarapyndan goldandy, çeşme hökmünde-de ulanylyp başlandy. Okyjylardan alan minnetdarlyk hatlarym-da maña bu işi dowam etdirmäge güýç berdi.

            Netijede men bu kitaplaryñ Türkmen dilindäki nusgalaryny, olary Türkiýe türkçesinde okan birnäçe Turkmen okyjylarynyñ islegini-de göz öñünde tutmak bilen, internet saýtlary arkaly halk köpçüligine ýetirmegi dogry tapdym. Ähli Türkmen saýtlaryndan hem olary halkymyza ylaýta-da ýaş nesillerimize ýetirmekde saýtlaryna ýerleşdirmek arkaly kömek etmeklerini haýyş edýärin.  

            Bilşimiz ýaly biziñ mitolojik taryhymyzda hem edebiýatymyzda „Oguzhan“ Türkmenleriñ we ähli türki halklarynyñ nesilbaşysy hasaplanýar. Şol hakykaty göz öñünde tutmak bilen, Türkmenistanda Türkmeniñ 5000 ýyldan artyk taryhyny 5 sany milli simbolymyza bölünýär, ýagny: 1- Oguzhan eýýämi, 2-Korkut Ata eýýämi, 3- Görogly eýýämi, 4- Magtymguly eýýämi, 5- Garaşsyzlyk eýýämi. Şu däbe eýermek bilen men, birinji kitabymy „Oguzhan Eýýämi, Part (Pargiýa) döwrine degişli ikinji kitabymy bolsa „Korkut Ata eýýämi“ diýip atlandyrdym. Elbetde bu barada anyk karary geljekde Alymlar geñeşi berer diýip düşünýärin.