Öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
”Añsadyna bakan aýal gyz dogyr”

Bu pikir gelýärdi örän uzakdan,
Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.

Diýseñ: ”Gyzy boldy planyñ, äheý!”
”Ola bolmandyr-ow – diýerler – päheý!”

Gyz kişiniñ maşgalasy ahyry,
Adam hasap etmezler ol pahyry.

Gyz ýurt goramaz, busar oturar,
Abraý däl, käte ysnat getirer.

Gyzdan yurt eýesi ýa nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!

Oguldyr atanyñ arka daýanjy,
Gyz dörän gününden alada, ynjy…

Şeýle wagyzlardan gulak ganansoñ,
Erbet nysak hakykata dönensoñ,

Eşidende atasy ”göbek kes” sözün
Igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.

Ogul bolsa, derrew azan aýdarlar,
Eşidenler ”ýör, toýa” diýp gaýdarlar.

Gyz bolanda, azan-kamat aýdylmaz,
Toý-tomgy hiç, ynsandyram öýdülmez.

Müýnli bolar gyz doguran aýal hem,
Gaýtargy bermäge etmez hyýal hem.

Dogmasyndan ata göwni jaý bolmaz,
Gyz dogdy-dogmady parhyny bilmez.

Enesem gyzyna etmez kän geleñ,
Çem gelen ýerinde ýatar baş-ýalañ.
Açlykdan gyz pahyr aglasa ýekän
Diýerler: ”lal bol-da ýat-da ýer çeken!”

Lak atanlar diýer ”başyñ sogrulsyn!”
”Päheý, janyñ çyksyn”! ”Boýnuñ oñrulsyn!”

Ýylgyryp, bökjekläp gelse-de gola,
Ele almaz, diýer: ”jähennem bol-a!”

Ogul ýaly gyz görülmez gowyrak,
Mahlasy tutular saýak-sandyrak.

Gülüp-oýnamaga ýarap başlansoñ,
Özün bilip, hapalygy taşlansoñ,

Hajyk-hujuk, bir azajyk bakylar,
Monjuk, dagdan näzik boýna dakylar.

Oña ”saçy kesilen!” diýp taşlarlar,
Kem-kem welin, imirgenip başlarlar.

Alty-ýedi ýaşda bogup gulpagyn:
”Iýeris” – diýrler – ýagly çelpegin!”

Tur-otura ýarandan soñ neýlärler?
Ýumuş buýrup, işe werziş eýlärler.

Enesi öwreder oturuş-turşun,
Gulpagyn goýberip, saçyn örüşin.

Birnäçe wagt bökejeklär towusyp,
Gulpagyn tasadyp her ýana öwsüp.

Bagy üzülip, dökülmese hünjüsi,
Hiç bir zatdan bolmaz onuñ ünjüsi.

Şol wagt ol göýä açylan gunça,
Oýun edip, degişerler kä ençe.

Çekinmezler ýalan-ýaşryk öwmeden,
Gandyrlar gulagny satyp-sowmadan.

”Baý, bu gyz-a örän gymmat bahadyr!
El ýetmejek iñ ýokarky şahadyr!

Bermeris hiç kime, bolmasak belet,
Agalarna salarys ýupekden halat.

Getirmeris gapydan her öñýeteni,
Ýeññelerne ýapmasalar keteni.
Her gun şeýdip, köp degerler oýundan,
Gägirip doýarys – diýp, - çelpek toýundan.

Kä agladyp, käte-käte söýerler,
Satylmany şol wagt boýna goýarlar.

Yhlas bilen iş öwreder ejesi,
Gündiz keşde, ig egirder gijesi.

Ýüñüñ gowsun darap, çüprek tüýtmesin,
Dokma ýüwrüp, gerip haly çitmesin.

Mahlasy birkemsiz ugradyp işe,
Özün gözden salman, saklar hemişe.

Göze görnüp ýetişensoñ gyz halky,
Gülüp-oýnap gezmäge ýok hiç haky.

Adam barka geplemäge utanar,
Myhman gelse, derrew beýlesin döner.

Elek-çelek bakmaz, dört ýana garap,
Gabagyn galdyrman otyr sülmürap.

Dört tärim, el işi bir tenha özi,
Täleý-takdyr hakda diñlenmez sözi.

Şeýleräk bolsa-da gyzyñ ykbaly,
Aýry bolar garyp, baýyñ ahwaly.

Barly ýere baýdan, beginden, handan
Sawçy gelip, başlar öwýän bu ýandan

Alandan soñ gelýänleriñ habaryn,
Sorarlar düýplüje tanşy bar ýerin.

Diýärler: nesibäñ bolsa ýetersiñ,
Gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyñ.

Derñärler, nähili gowumy tiresin,
Iglik-gulluk, soñun, boýun göresin.

Azajyk göz ýetse bir şikesine,
”Gelme” diýip, ýol taparlar dessine.

Göwün ýetse, bar zadyna ýerbe-ýer,
”Güýjüñ bolsa, diýrler: durma, geliber!”

Kesmek üçin gyzyñ malyny uly,
Ýygnanşyp gelerler dört-bäş ýaşuly.

Gyz atasy çagyr dogan-gardaşyn
Ýaşuly, ýaşkiçi, ýakynyn, daşyn.

Ikiýan gerilşip çaý-paý içerler,
Ýüzden-ýüzden gyz galyñyn biçerler.

Sanarlar ummasyz beterden beter
”Ýükçi bolsañ, - dirler - bes indi göter!”

Güýçsüz bolsa, ”çak ýetmez” diýp aýdarlar,
Ýuwaş-ýuwaş pessaý urup, gaýdarlar.

Ýükçi bolsa, hiç darykman bakarlar,
Bir birine yuwaş çawyş çakarlar.

Diýärler: ”eşitdik gyzyñ bahasyn,
Hany, mundan aýyrýañyz näçesin?”

Aýtdyk biz hemmeje bahañ çen-çakyn,
Indi siz aýdaýyñ näçe boljagyn!

Ikiýandan çekeleşip başlarlar,
Tüýs keýpden çykyp, gowun hoşlarlar.

Gelenler kem-kemden ýokary süýner,
Gyz taýy howlykman pessaýläp iner.

Bir ýany diýr: ”o bolmasyn, bu bolsun!”
“Ýok, o bolmaz, o bolmasyn, bu bolsun!”

Ertirden agşama ikiýan tartyp,
Barlyşyk ýasarlar bir çene eltip.

Agzaşarlar hemme halat-serpaýyn,
Goýun, tüwi, baryn gandyny-çaýyn.

Mal geçirmek üçin sähedin belläp,
Gaýdarlar bar zadyn ýerbe-ýer telläp.

Gyz otyr daş çykman başga bir öýde,
Gaýgyly, hasratly, muñ hili köýde.

Käýinip bir özi örtenip-bişer,
Güýçli üýşýän ynjy ýuregne düşer.

“Atam-enem meniñ işim görýärler,
Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler.

Men pahyr bir boýny bagly goýun-la!
Satyljagma dogaly gün boýun-la!

Ýokmy maña öz obamda hyrydar?
Bagtym gara däldir, özüm bir myrdar?

Aýtsalardy Annamyrada gel-ä…
Meni aljak oñat ýigit ýok däl-ä.

”Razymy, razy däl?” - menden soran ýok!
Söwda eýýäm bişdi, gutardy bir çäk!

Ýamanlygy ýokdur atam-enemiñ,
Dymmakdan başga ýok alajym meniñ!

Hyýal eden barmy gyz göçürmäge,
Ýygnanşyp gelerler mal geçirmäge.

Gyz atasy ýygnar ýene kowmuny,
Sanap almak üçin gyzyñ malyny.

Ýigit taýy sanar başdan gyrany,
Çekip ýygnar gyz taýynda durany.

Utanjyndan gyz galdyrman kirpigin,
Ýeññesi tarp edip, ýapar serpigin.

Gelin utansa-da, uýalyp gaçmaz,
Hakyn bermeseler, serpigin açmaz.

Pul alansoñ, durman o taýdan gaçar,
Syryk bilen dürtüp, serpigin açar.

Bäşden-bäşden gyran sanýan dogrulap,
Käbirjigin alyp galar ogurlap...

Sanalansoñ puly halta jaýlarlar,
Gyz pahyryñ suýjüligni paýlarlar.

Gelinaljynyñ günün belli ederler,
”Işi bitdi” diýip, öwüp giderler.

Çykjak gyzyñ gyzlar üýşüp daşyna,
Gülüp, oýnap, timar berler başyna.

Hersi bir zat tapyp jykyrdar olar,
”Alnyñ hak açdy” diýp degişer, guler.

Bu gyzlara gelip gaty gahary,
Gyşa döner onuñ alabahary.

Içinden käýinip, ot alyp ýanar,
Her sagady aýa, ýyllara döner.

”Ýer çeken, bedibagt, maña dözenler,
Meñ günüme düşüñ, gedaý gezenler!”

Gelinaljynyñ geljek pursaty ýeter,
Uzyn gije aglap hasratda ýatar.

Ertir irden turar gamly, gaýgyly,
Alar gyzgyn demin uludan uly.

Söwüş goýnuñ birnäçesin öldürler,
Kimi agladarlar, kimi güldirler.

Obadaşlar häzirlener ýygnanyp,
Oglanlar taýynlar kesek, begenip.

Atbaşçylar topar tutup gelýändir,
Oglanlar urmaga öñün alýandyr.

Salarlar kesegi dazyrt-da-dazyrt,
Atbaşçylar goýbär dabyrt-da-dabyrt.

Atbaşçylar atyp tüpeñ pagtabent,
Gorkuzsa-da, keseklärler bolmaz pent.

Kä oglany kowalap, öýe dykarlar,
Käbirini ýabysyndan ýykarlar.

Hatar tutup, geler gelinalyjy,
Gyz-gelinler taýýar geýim ýolujy.

Oba ýetmän düýelerden düşerler,
Hemmesi bir çogdamlanşyp üýşerler.

Topbak tutup, gerler öýuñ işigne,
Garanjaklap, ykjamlanyp eşigine.

Üýşüp duran gyzlar gapyda hatar,
Her haýsy biriniñ geýminden tutar.

Töwerekden galdap gelinaljyñ daşyn,
Ahmal edip, açar käbirniñ başyn.

”Heý, siziñ bir!” - söze gyzlar dagaşar,
Gelinaljylar öýe girip ýerleşer.

Ur-tut biýrler gantly çaýdyr palawy,
Göreş tutar kelpeñiräk kelewi.

Gelnalyjylar ”käse hakyn” alansoñ,
Ownuk-uşak ”ogurlap” jübä salansoñ,

Ugrarlar gapydan ýekeden çykyp,
Gyzlar eşik ýyrtar, ahmalna bakyp.

Gyzyñ bu wagt böküp durar ýüregi,
Geçmez bokurdakdan çeýnän çöregi.

Bilmez neneñsikä oña boljak är,
Ýüregi dyngysyz towsyp, tarsyldar.

Bütin dünýä ömür boýy ýoldaşy,
Ganymat bir ýigit bolsa ne ýagşy.

Nega saz bolmasa, onki synasy,
”Dat gününe” daralar oñ dünýesi.

Gapa baryp öý hakyny tölärler,
Gyz pahyry köne dona dolarlar.

Getirler göterip palas üstüne,
Ýeññeleri üýşer ýanna dessine.

”Tur” diýseler, diýrler: ”Ber palas hakym!
Bermeseñiz, turara ýok hiç çakym!”

Süýrärler palasy ”göter-hä, göter!”
Şol wagt biri idip, bir düýe getir.

“Mün! – diýerler, soñ geline – dessine!”
Göterip mündirler düýäñ üstüne.

Ugramakçy borlar, gallap daşyny,
Tutarlar ”pul ber” diýp, düýäñ başyny.

Berip, berip, düýe başyn sypdyrlar,
”Haýt, janawar, ýör yzyñy tap” diýrler.

Alyp gyzy, saýlanarlar obadan,
Gelýändir bu adat ata-babadan.

Gyz adyny taşlap, ”gelin” dakarlar,
Her kim bir zat diýip için ýakarlar.

Meselem, biri diýr ”ýigdimiz kel, kör”,
Gelne bakyp aýdar: ”anha, ony gör!”

Gözmonjygy ýaly, Aýyñ bölegi!
Ýazgydy ters, duş bolmandyr dilegi!

Ýalandan janygyp, uzadyp elin:
”Mynasypmy?” diýer, - şuña şu gelin?!

Gör nirlere seniñ nesibäñ çeken?
Heý, biçäre - diýär,- bagtyñ pes eken!

Barar gelin bürenjegne ýapyşyp,
Atbaşçylar hezil eder çapyşyp.

Gelnalyjy geçäýse oba duşundan,
”Aklyk” diýp tutarlar düýe başyndan.

Gyz-gelin ýygnanyp, öñden çykarlar,
Gelin görmek üçin düýe çökärler.

”Tüweleme, tuf! - diýerler - Aý ýaly!
Mañlaýy giñ , gaşy misli ýaý ýaly!”

Obanyñ gyrasy çala görnenden,
Ýa-da uzagrakda bir menzil çenden,

Şonça baýrak berjek diýip bellärler,
Öñatlyny - öñbaraga ýollarlar.

Oba adamsy iç-daşary çykyşyp,
”Wagty boldy” diýip, ýola bakyşyp,

”Anha, gelýär öñürdikläp öñatly”
Ýyndam atlar biri-birinden batly.

Eñişip atlylar tozan turuzýar,
”Gelýa” sözi hemme adamy örüzýär.

Oba öñunden geçerler okkesdirme,
Biri-birne diýip: ”adam basdyrma!”

Diýseñ: gelin alýanyñ öýi bu taýy,
Atdan düşüp, gelip alar toý paýy.

Atbaşçylar geler pagtabent atyp,
Gelnalyjylar geler bir ýandan ýetip.

Gelin-gyzlar üýşüp çykar öñüñden,
Düşürip düýeden, tutup ýeñiñden.

Getirler geliniñ daşyny gallap,
Bir aýal pişmeli saçagyn elläp,

Penjeläp, gelin üste seçer pişmesin,
Dagadar owunjak gyzlañ üýşmesin.

Ýere düşen pişmeleri çöplärler,
”Toýdan- topukça” diýp, iýip geplärler.

Üýşmek tutup, gelni getirler gapa,
Hetdiñ bolsa, göreýin sen ýol tap-a!

Ýaglyk almak üçin gapy saklarlar,
Sanap görüp, näçedigni çaklarlar.

Her birine ýaglyk berip sowarlar,
Bulary gapydan şeýdip kowarlar.

Idekläp ol gelni, meñzedip köre,
Girdirip gapydan, geçirler töre.

Gelnalyjy, atbaşça gant bilen çaýy,
Toý eýesi ile paýlar toý paýy.

”Gözüñ aýdyñ, how!” diýp jarçy gygyrar,
”Baýrak” diýp mergenler hatara durar.

Almyt isleýän kändir, her dürli ýygyn,
Sorarlar ýigitler ýüzük baýragyn.

Her haýsyna berler baýragy telläp,
Oturandyr ýigit bir öýde pallap.

Uludan-uludan alyp demini,
Oýlanyp gelin ýanyna barmañ çemini.

Tizräk bir habar bilmäñ kastynda,
Munuñ-da ýüregi suwuñ üstünde.

Bilenok getirlen niçik-neneñsi?
Bir birinde bihabarlyk bir geñsi!

Nämüçin bu gelni ozal görmändir?
”Alsamdym” diýp, oña göwün bermändir.

Çagyrlar mollany nika gyýmaga,
Ikisin bir- birine boýun goýmaga

”Yhhym” diýip molla geler ardynyp,
Garyp-gasar daşda gezer derdinip.

Olañ ýeri çetde ojak başydyr,
Galan-gaçan, artan hörek aşydyr.

Girer öýe çişip, bäş on ýaşuly,
Seretseñ abatdyr olaryñ july.

Bellärler iki adam pyýada kazy,
Giden bolar gyzdan almaga sözi.

Salam berip, ol sowfyny sanarlar,
Jogap üçin gelni biraz ýanarlar.

Gyssarlar birnäçe adam görkezip,
”Nyka wekilligiñ kime berdiñ?”diýp.

Gaýtalarlar şunça razy bolynça,
”Pylana” diýip, açyk jogap berinçä.

Jogaby tabşyrlar gelip märekä,
Mundan soñ giderler ýigide baka.

Pyýada kazylar gelip otyrlar,
Iki ýanyñ wekilligin getirler.

Nika suwy ortadadyr ezilgi,
Üstüne pulluja ýaglyk ýazylgy.

Okar molla Abolbaşar hutbasyn,
Wekiller jogap biýr razylyk sesin.

Nika wagty elindedir synnysy,
Öýüñ artbaşyna geçip ýeññesi.

Açyp”bagşylaryñ” serin-sepini,
”Şatdyk-şatdyk” edip, keser ýüpüni.

Hutbadan soñ nika suwun aýlarlar,
Her adama bir ýuwdumjyk paýlarlar.

Kazylara berler pully ýaglygy,
Gidip-gelen ýerne diýip aklygy.

Getirler ýigidi gelniñ üstüne,
Ýeññesi-de elleşdirer dessine.

”Ak-gök geýdirme” diýp, berer nesihat,
Aýdar: ”gelniñ bilen maksadyña ýet!”

Ýigit ýöne otyr öñki ýerinde,
Jahyllar ýygnanyp, töwereginde.

Täzeden dartañrak edip geýdirip,
Guşarlar guşagyn müñ düwün edip,

Gelin pahyr galar güman içinde,
Äşgär zat ýok – galar duman içinde.

Ünjä goýan bir zat bolar gelini,
Ýat ýigide tutdurarlar elini.

Götergiläp ýañky ýigdi getirler,
Gütüledip gelin ýanynda ýatyrlar.

”Çykar” diýer ýigit ädigin uzadyp,
Aýagyn gaýşardyp, goýar dyzadyp.

Bir diýende gelin asmasa gulak,
Gütüledip, depip goýberşi telek.

Çykarmaga gelin ädigin çeker,
Çekdikçe aýagyn gaýşardar ýeser.

Aýal-erkek syn ederler üýşüşip,
”Çykarmany oñaranok” diýişip.

Ädikden soñ guşagyna ýapyşar,
Iki bela üst-üstüne sepişer.

Guşagyny çözjek bolup dyrmanyp,
Ujun tapman, azar görer sermenip.

Ýigidiñ eline gamçy tutdyrlar,
”Eliñde bar edeniñi et” diýrler.

Ýigit urup, gelin-gyzy gamçylap,
Ura-ura çykar, gamçysyn bulap.

Ýeke galyp iki ýatlar bir öýde,
Her haýsynyñ göwni başga bir köýde.

Pessaý-pessaý ýigit gelne söz goşup,
Gyşararlar bir ýassyga baş goşup.

Ýuwaş-ýuwaş bir-birine ýanaşar,
Iki ýatlar ýuwaş-ýuwaş tanyşar.

Ýigit ýakyp çöpün, janyny barlar,
Ýüzün görkezmejek bolsa-da, dyzar.

”Aýyr eliñ” diýer, bakman sözüne,
Gelin utanyp, elin tutar ýüzüne.

Ýigit aýrar gelniñ elin zor edip,
Barlar janyn kemallyja seredip.

Göwne ýaksa, elin salar boýnundan,
Ykjam saklar, hiç goýbermez goýnundan.

Gelin ýigde seretmäge uýalyp,
Jany aram tapsa, goltugna dolup,

Gujaklaşyp, bir-birine gysyşar,
Mähri-şypa ikarada ösüşer!

Deñ bolsalar, biri-birin halaşyp,
Uzak gije dañ atyrlar dalaşyp.

Şatlyk bilen gijelerni geçirler,
Ikaradan gaýgy-gamy göçürler.

Ertirden soñ gelin añyrsyn bakyp,
Düýpde oturar, iññe-sapagyn dakyp.

Ýigidiñ ýanyna üýşüp deñ-duşy,
Tapar gelin üçin bir topar işi.

Biri çekip, ýigdiñ bagjygyn ýolar,
Ýene biri oña kömekçi bolar.

Bagjyk dakdyr ýigit bulañ gaşynda,
Bürenjek sümre bor geliniñ başynda.

Ondan soñ diýerler: ”görkez gelniñi!”
Gelin-de ýygrylyp, gizlär özüni.

Ýigit turup, gelni pugta gujaklap,
Zor bilen başyny dönderer dolap.

Bürenjegin serpip, ýüzün görkezer,
Her kim gelse, şeýdip, bu gelne dyzar.

Gurby ýeten berer ullakan baýrak,
Şaýyn tutup, çykyp obadan gaýrak.

Uly- kiçi toýa baka ýörärler,
Iki ýanlaýyn durup, ýaryş gurarlar.

Ikibirden goşup, köp at çapdyrlar,
Märekäñ gözüne tozan gapdyrlar.

Tegelek ortada guralyp göreş,
Baýrakdan soñ oba ederler ýöriş.

Gyzlar gelni käte çykar meýdana,
”Kapaslandyr, seýl etsin – diýp, - jahana”

Görjek aýal gelip, ýuzini açar,
Şonlyk bilen ýene iki-üç gün geçer.

...