Ýygnalsa-da çagalygyň saçagy
Bir dişlem çöregim galypdyr heniz

Bitmese-de bu gün baýrymda läle
“Aýmy, Gün-teregim” galypdyr heniz

Saçyma çal sepdi gyşyň aňzagy,
Bigünä baragym galypdyr heniz

Üýtgese-de bu gün keşbi adamlaň,
Tanyş töweregim galypdyr heniz.

Seň gaşyňa gelmen ellerim gülsüz,
Pos tutan oragym galypdyr heniz.

Söýgi meniň jaýlasa-da umydym,
Umytdan geregim galypdyr heniz.

Ýykylsa-da ýaşyl başly çynarym,
Syrdam ak deregim galypdyr heniz.

Tylla Günüň naýzasyny gizleýän,
Gijede ýaragym galypdyr heniz.

Dag daşlarna ötmese-de dyrnaklam,
Yöne şir ýüregim galypdyr heniz.