Söýgi hasratynyň içini ýakyp,

Ýaşamagy öwreneli ezizim.
Arzyly geljege umytly bakyp,
Söýgimizi berkideli henizem.

Ikimize ömürylla ýat bolsun,
Durmuşyň hasraty, ýalany-aly.
Bize üstünlikler atyp dur owsun,
Ykbalmyzyň baky hemrasy ýaly.

Hergiz diýme: “Aý-günlerem geçip dur,
Şol arzyly bagta ýeterkäk haçan?!”
Menzil-menzil ýollar gujak açyp dur,
Ikimizi garşylajak bagta çen.

Hakykata öwürmeli hyýaly,
Pederleň aýdymnyň aýdaly yzyn.
Biz birek-biregi söýşümiz ýaly,
Bu dünýänem söýmek gerek ezizim!

Heniz nepi degýärkä bu gurbatyň,
Bat bereli bu takdyryň sazyna.
Maňa goýan çäksiz sylag-hormatyň,
Ýetirer ykbalyň ajap ýazyna.

Söýgimizi berkideli henizem,
Arzyly geljege umytly bakyp.
Ýaşamagy öwreneli ezizim.
Söýgi hasratynyň içini ýakyp.