Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň, öýlengin.
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür,
Solaýyn diýseň, öýlengin.

Öý, il gerek, ýorgan-düşek,
Perzent bentdir, aýal-duşak,
Ýüke werzigär boz eşek,
Bolaýyn diýseň, öýlengin.

Gezer sen oýnap, dalaşyp,
Galar sen gama bulaşyp,
Hasrata, derde ulaşyp
Galaýyn diýseň, öýlengin.

Joşgun eder sen özüňden,
Aýrylar sen hoş ýazyňdan,
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň, öýlengin.

Ötir ýigitlik zamanyn,
Getir garrylyk dumanyn,
Dünýäniň ýagşy, ýamanyn
Bileýin diýseň, öýlengin.

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,
Garrylykda öçer röwşen.
Gujak-gujak gara ýowşan
Ýolaýyn diýseň, öýlengin.

Magtymguly, gezip her taý,
Etmezdiň jahanda perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý
Kylaýyn diýseň, öýlengin.