Basan yzyň sürtüp göze,

Gelsem Saňa,ýa Muhammet!
Bilerinmi Seni göre?
Gelsem Saňa,ýa Muhammet!

Geçip ýollaň dellerini,
Duýsam saba ýellerini,
Tesbi edip ellerimi,
Gelsem Saňa,ýa Muhammet! 

Ylahy yşkymdan diňe,
Hyzmat etsem yslam dine.
Ugrap mukaddes Medinä,
Gelsem Saňa,ýa Muhammet!

Ýürek däldir,onda Seniň
Bolmasa söýgi eseriň,
Diňdirip köňül heserim,
Gelsem Saňa,ýa Muhammet!

Razy, söýgiň bilen ýandyr!
Seň ýoluňda ölsem ýegdir!
Jennete girenme deňdir,
Gelsem Saňa,ýa Muhammet!

Sünnetiň kadam eýlesem,
Ýalan-ýamany söýmesem,
Kalbyň kelamyn söýlesem:
Gelsem Saňa,ýa Muhammet!

Nury Sen diýp çeker zary,
Ymmatyň men, şükür,razy.
Eý Allam, salawat ýaly,
Gelsem Saňa,ýa Muhammet!