Ýollar uzak, ýyllar gysga
Bu dilde asal ezeýin.
Possun gadryn bildi:r gyşda,
Dosta dost bolup gezeýin.

Ýykmaň, köňlümiň külbesin!
Kalpdan gözläň zer küýzesin.
Döwüp duýgymyň kündesin,
Söýgime seýle geleýin.

Gaýga goýup gaýgylarmy,
Yşkdan bagtsyz gaýdylarmy?!
Sazsyz, sözsüz aýdymlarmy
Taşlap, seň bile güleýin.

Eläp durmuş eleginde,
Ýük goýanda her eginde,
Güýç döredip ellerimde,
Ykbaly bagtym bileýin.

Halkyň bereni bir günlük,
Halygyňkydyr ömürlik.
Kyblaga tarap öwrülip,
Hajatym Hakdan diläýin.

Ýol uzakdyr, Nury ýigit
Kyn bolsa-da, hak ýoldan git.
Ygrarsyz ýigit – gorkak it,
Hergiz sözümde duraýyn!