Gürrüň soňky ýyllarda belent dagyň göwsünden syzyp çykan dury çeşme ýaly aýdym atly bulagymyzy harlamaga çalyşýan ''bagşysumaklar'' hakda barýar. Bular barada öňem telim gezek ýazyldy. Ýöne, ynha, indi olaryň ýazgylarynam ýaýradyp ugradypdyrlar.

Şolaryň birine-de Arslan Ataýew, il arasynda aýdylyşyna göra, Arslan bagşy (Aşgabat şäherinden) diýýärler. Onuň aýdýan aýdymlary türkmen aýdymlarynyň ýele ýanyndanam baranok. Haýsy heňde aýdýanlygy onuň özi-de bilýän däl bolsa gerek. Gürrüň okyjylara has düşnükli bolary ýaly, bu bagşynyň ''repertuary'' bilen tanşalyň.

Ynha, gül ýaly gözellere şyltak atylyp, olaryň adyna tirkelýän her hili süwümsiz sözleriň başy gowuşmadyk toplumyndan alnan mysallar:

 

Biwepa gyz Enejan,

Ilki söýgini unudan sen Enejan.

Ýandym-la, ýandym-la

Pany dünýä senden!

(''Enejan'')

 

Ýa-da:

 

Wagtym dolup ýetsem, barsam ýanyňa,

Ýiti hanjar bilen galsam ganyňa,

Meni äkitseler zyndana jaýyna,

Maksatdan aýyryp, mar etdiň Gerek.

 

Dat indi Gerek atly gyzyň gününe! Ýiti hanjarly aşyksumagyň Gerege rehimi inmezmikä?

Ýok, asyl rehimi iner ýaly däl.

Aýdymy soňuna çenli diňläp oturar ýaly, takat gerek!

Agyr haýbat atmalardan soň, ýene-de söýgi gözýaşlary sil suwy ýaly, dagdan aşaklygyna gaýdýar.

 

Aşgabadym, bu gün bişdim, ulaldym,

Ulalyp men Amangüle guwandym,

Ýanaram, ýaňaram, ýanaram, ýanaram...

(''Ýanaram'')

 

Indi bolsa Akyş Sapar (Kaka raýonyndan) atly başga bir ''bagşyny'' diňläp göreliň. Gör bak o näme diýýär:

 

Diýerler meniň adyma Nury,

Ah, baran ýerlerim boldy-la gury,

Kakagradyň akýan suwy dury,

Diňläň siz meni. (''Gülnara'')

 

Öýlenjekdim gardaşlar perizada,

Söýgi ýok dünýäde düşmen men-ä hiç zada...

 

Özüni mežnun däldirin öýtmeýän bagşy ýigit öte geçip başlaýar. Ol indi serhoşlyga ýüz urýar:

 

Seni goýup, pýan bolup gaýdaýyn,

Gaty görme menden aý gyz Aýsona,

Arak-parak, piwe konýak içeýli,

Entirekläp köçäňizden geçeýli.

(''Aýsona'')

 

Haý, seniň aşyk bolşuñdan! Aýsona gyz sehoşluga ýüz uran bu aşyksumagy golaýyna getirermikä?! ''Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli'' diýipdirler. Şu bolşuna uzaga gitmejegi düşnükli.

Ýene-de zaryn owaz ýaňlanýar:

 

Pulum ýok, abraýym ýok,

Atamam menden irdi,

Eý, allam, nämüçin meni,

Inderdiň bu ýagty jahana.

 

Ençe ýyllap çekdim derdi,

Hiç kim derdimi bilmedi,

Dilim gepläp, gözüm ýumdum.

Bilmedim bagt näme?

 

...Aşgabadyň, ýarmarkasyndaky, Berdi Kerbabaýew köçesiniň ugrundaky, 6-njy mikroraýonyndaky ses ýazgylary studiýalarynyň daş töweregi ýaş-ýigitlerdir gyzlardan hümer. Olaryň arasynda respublikamyzyň dürli künjeginden gelenlerem bar.

Men bolsa aýdymçylaryň atlary ýazylan kagyza seredýärin, Respublikamyzyň atly bagşy-sazandalarynyň, aýdymçylarynyň atlaryna gözüň kaklyşmaýar. Olaryň deregine başga-başga atlar agdyklyk edýär. Ine, şol ''meşhur bagşylaryň'' birenteginiň atlary: Allanur -1, (konsertiniň nomeri), Arslan -2,3, Akyş Saparow -1,2. Baýram Işanow -1, Hojadurdyýew -1, Nurmyrat -1, Taňňy -3, K.Aşyrow-1, Kakamyrat Baýramow -1 we başgalar.

- Maňa Kiçi Mäligiň konsertiniň ýazyp bersene!

- Uly Mäligiň aýdymlary barmy?

- Maňa Rejep bilen Atabaý bagşynyň konserti gerek!

Ses ýazgylary studiýasynyň hojaýynynyň erni bir ýere gelenok. Hawa-da, her kasseta üçin horjunyňa gyzyl onlukdan ýagyp dursa, ol ýyrşarman kim ýyrşarsyn?!

Ýöne welin, TSSR Ilata durmuş hyzmaty ministirligine ideýa-mazmun taýdan yrga, şeýle hem hiç bir degişli edara tarapyndan ykrar edilmedik, galyberse-de, biziň sowet durmuş obrazlarymyzy ýoýup görkezýän wejera ''aýdymlary'' ýaýratmaga kim hukuk berdikä?

Belki muňa ministrligiň ýolbaşçylary jogap bererler?!

 

Allaýar ÇÜRIÝEW.

 

''EDEBIÝAT we SUNGAT'' gazeti.

1983 Iýun.