Yazdır
Kategori: Türkmen Şiiri

Edebine ebedilik erk ýetmez,
Namysy ýüzünde nur-perde ýaly.
Tämizligne tegmil düşmez, çirk ýetmez,
Sen türkmeniň mert aýaly.  

Mirasdüşer dogurmansyň tagt üçin,
Il merdini serpaý etdiň äleme.
Soltan ogluň iliň-günüň bagty üçin,
Garşy durdy soňsuz zulum-talaňa.  

Mertlik bilen çeken ykbal synagyn
Goç ýigitler Rüstem Zala taý geljek.
Sanjak boldy bize elwan gyňajyň,
Şa melikäm, hatyn enem, Aý çeçek.  

Seniň ýaly şir ýürekli aýaldan
Diňe Jelaleddin ýaly är doglar.
Duýduk sen bolmaňda  ahyr-owalda,
Öňden ýowuz bagtymyza gar ýagar. 

Sil bolup towlanyp akýan derýanyň,
Kenarynda sil bolanda ganymyz.
Namys bilip ýaga ýesir bermäge,
Döwdüleşdik orta goýup janymyz..  

Seniň tämizligiň päkligiň hakda,
Galsyn diýip ebedilik efsana,
Bedeniňi derýa möwjüne atdyk,
Şanyň göterildi mawy asmana.