Deňziň kenaryna ýanaşyk dagyň uçut gaýasynyň düýbünde ak guýruk bürgüdiň çöp-çalamdan bina eden gabaraly höwürtgesi bar.  Kenaryň gyrasyndaky ortasy örküçli ýasy daş bolsa ýyrtyjy guşuň dynç alýan we naharlanýan ýeri.  

       Özüni bu ýeriň eýesi hasaplaýan bürgüt her gün säher bilen gök  asmana galyp, goşa ganatynyň hözürini görýär. Şol ýerden deňizdäki janly-jemendäni, suw guşlaryny birin-birin yzarlaýar we nobatdaky awyny nyşana alýar. Çygrynda del guş göründigi onuň bilen söweş edýär.

      Beýleki guşlardan tapawutlylykda onuň açlyk çekmek gaýgysy ýok. Nesibesi golaýynda, öz eli, öz ýakasy. Islese  balyk,  islese-de suw guşuny saýlap awlaýar. Soň tutan awuny penjesinden sypdyrman gelip, örküçli daşyň üstüne gonýar. Dag bürgüdiniňkä görä has kuwwatly mähnet çünkleri bilen ullukan balygyň bedenini hamala içinde süňkleri ýa-da gylçyklary ýok ýaly aňsatlyk bilen dogram-dogram edip goýberýär.

       Ol agymtyl daşy ýyllarboýy ýuwup-ýülmän deňiz tolkunlary ony  erederden ejiz gelipdir. Balyklaryň we suw guşlarynyň ganyna günde telim gezek boýalsa-da, onuň üsti täp-tämiz. Galan-gaçan iç goşlary, süňk-saklary ýa-da  ýelekdir teňňeleri hem görjek gümanyň ýok. Sebäbi aram-aram köpürjikläp gelýän has uzakçyl tolkunlar bu ýere-de ýetip, bütgüdiň meýlis mekanyny syryp-süpürip durýarlar. Dürli-dümen balykdyr guş etinden petekesini mäkäm dolduran bürgüt bu daşyň suw ýetmeýän belent örküjinde döşüni şemala tutup irkilmegi halaýar. Aram-aram turup, ýeleklerini daraýar, özüne serenjam berýär.  Pessaýlyk bilen öwüsýän şemala bürgüdiň omuzyndan we butlaryndan  ýelekleriniň düşen ýerleri açylyp görünýär.



        Goja bürgüdiň ömrüniň köp bölegi şu gözýetimlerdäki asmanda hem-de şu daşyň üstünde geçdi. Özünden ençe ýaş uly mäkiýan jübüti bilen ýigrimi ýyllap gaýanyň düýbündäki höwürtgede ýaşadylar, ençeme gezek şol höwürtgeden ýaş bürgütleri uçurym etdiler. Mäkiýanyň garrap ölenine indi iki-üç ýyl boldy. Janýoldaşy we çagalary barka-da ata bürgüt höwürtgede kän bolman, wagtynyň köpüsini awda ýa-da şu daşyň üstünde geçirerdi. Salkyn tomus gijeleriniň köp bölegi bu ýerde öterdi. Indi, öz meýdalyna ýeke ýaşaýarka, gugaryp galan kapas höwürtgä ol diňe gijäniň ýary garry süňklerini ýylatmak üçin barýar.

        Toparlanyşyp denizde ýüzüp ýören suw guşlary öz ganymyny tanaýarlar. Ýöne şonda-da ondan känbir ätiýaç edip baranoklar. Bardy-geldi bir sebäp bilen uçsalar-da ýene bu ýere dolanyp gelýärler. Olar üçin hamala daş-töwerekde hiç bir hadysa bolmaýan ýaly, asuda durmuşlaryny dowam etdirýärler. Tebigatyň bu täsin kanuny ýyrtyjy guşlaryň rysgalynyň kesilmezligini üpjün edýär.

       Daň bilen höwürtgeden uçan ak guýruk bürgüt şol gün hem asmanda biraz  gaýmalady. Deňizde süri-süri bolup ýören guşlary birin-birin gözden geçirdi. Olaryň içinden amatlysyny saýlan bolarly, dik asmandan aşak inip suw guşlarynyň birini ýiti penjesine aldy.     

       Soň ol hemişeki endigine görä, kenardaky  daşyň üstüne gonsa-da, awyny çokjalap öldürmäge howlukmady. Öňündäki awa seretmän, daş-töweregine gopbamsylyk bilen nazar aýlady. Hemişeki edähedini bozup, goýberen bu kiçijik hatasy onuň  üçin  pajygaly  ýalňyşlyklara  ýol  açdy. Men-menlik, özüňe artyk baha bermek hiç haçan gowulygyň üstünden eltmeýär.  Bu sapar bürgüt ony öz başyndan geçirdi. Amatly pursaty peýlän suw guşunyň ýaraty bolsa-da deňze tarap zymdyrylyp  gidendigini ol biraz gijräk aňşardy.  

        Deňiz bürgüdiniň gaçan awuň yzyndan laçyn ýaly kowalap, girisine saljak gümany ýok. Dag ýa-da sähra bürgüdiniň  peýkam kimin parlap göge galmasy hem oňa mahsus däl. Asmandan awunyň üstüne ýyldyrym ýaly inen pursatynda deňsiz-taýsyz okgunly deňiz bürgüdiniň galan wagtlardaky hereketinde o diýen çusluk we çakganlyk  ýok.

        Akguýruk bürgüt näçe gazaply hem bolsa, hemişeki agras uçuşy bilen göge galdy. Al-asmandan seredeninde ýaraty guşy görmedi. Ol eýýäm özüni gamyşlyga uran bolarly.

         Bürgüt “zyýanyň ýarysyndan gaýdyp” yza dolanmady. Gaharyny kimden çykarjagyny bilmäýän ýaly asmanda birki aýlaw etdi.  Asuda tolkunlaryň arasynda towlanjyrap ýören ullakan bir balygyň garamtyl arkasyny görende bolsa, onuň gabarasyna seretmän, üstüne  ok ýaly atylyp gaýtdy. Ýiti dyrnaklaryny balygyň gerşinden mäkäm sanjylanda suwa gyzyl reňk ýaýrap gitdi.

         Emma beýle äpet balygy götererden ejiz bürgüde indi demir gyňyrçak ýaly  dyrnaklaryny balygyň ýon etinden sogrup çykarmak hylallady. Sykyja düşen bürgüt häzir awdan ellibizardy. Janhowluna urunýan balyk ony deňziň düýbüne çekeleýärdi. Häzir ýyrtyjy guşuň özi awa öwrülipdi.

         Aman soramasa-da, aljyraňňy ýagdaýda nalaç  pasyrdaýan bürgüdi girisinden sypdyrmak islemeýän ýaly, balyk ony çekeläp-süýräp, suwda ençeme öwrüm etdi. Kimiň kime ýesirdigini saýgarar ýaly däldi. Töwerekdäki guşlardyr suw jandarlary suwuň we asmanyň piriniň bu gözgyny halyna gyzyl-gyran gülüşýän ýalydylar.

        Hernä bürgüdi özi bilen girdaba äkitmek balyga başartmady. Ýyrtyjy guş soňky pursatda penjesini sypdyrdy. Ganatlaryndan başga ýeri öz-myžžyk bolan bürgüt zordan ýerläp uçup, özüni kenara atdy.

         Emma indi öňki uçuşlaryndan soňra edişi ýaly, oňa kenardaky daşyň üstüne gonup, deňze haýbat bilen garap oturmak ýokdy. Ömrüniň soňunda ýalňyşyp,  özünden güýçlä sataşan guşuň başyndan geçiren göz-gülban ýagdaýyna deňzem, asmanam, zeminem şaýatdy.

         Ezilen towuk ýaly müzzerip, gaýanyň aşagyndaky höwürtgesine giren bürgüdi şondan soň görüp-eşiden bolmady.