Umytlaryň öýleri paýtagtdan onçakly uzakda bolmadyk obanyň gaýra çetinde ýerleşýärdi. Onuň obadaky orta mekdebi tamamlap, goşun gullugyndan gelenine onçakly kän wagt geçmändi. Harby gullukdan soň näme bilen meşgullanjakdygy ata-enesini pikirlendirýärdi. Umytlaryň öýlerine golaý ýerde Nurgeldi aga diýen seýis ýaşaýardy. Ol Umydyň synpdaşy Humaýyň kakasydy. Nurgeldi aga ähli wagtyny diýen ýaly atçylyk toplumynda geçirýärdi. Umydyň kakasy Bereket aga ogullaryny bir saçagyň başynda jemlärdi. Hojalykda ýaşulynyň tagallasy bilen ähli işler ýerbe-ýer ýola goýlupdy. Azap bary siňdirilensoň, onuň howlusy gür baglyga bürenip otyrdy. Mellegindäki ir-iýmişler bolsa öýüne rysgal-berekedi bolluk bilen eçilýärdi. Hojalykda mal-garalara hem uly üns berilýärdi.

Günleriň birinde Nurgeldi aganyň aýaly Ogulmiwe ejegyzy Humaýa bir uly jamy dolduryp üzüm berip, ony Bereket agalara gowşuryp gaýtmagy tabşyrdy. Humaý hyzmata häzir boldy. Ol howla gireninden Umyt hemişeki endigine görä bedew atlary synlap otyrdy. Gapydan duýdansyz giren Humaýy gören Ogulbossan eje:
— Wiý, Humaý jan öý işleri bilen başagaý bolup, seniň geleniňi hem bilmän galypdyryn. Öý-içerileriňiz saglykmy, gyzym?!
— Şükür hudaýa, hemme saglyk. Ejem şuny size dadyraý diýip iberdi.
Ogulbossan eje Humaýyň okara doly üzümini agaç çanaga guýdy-da, oňa hoşallyk bildirdi.
— Taňryýalkasyn, balam! Eliňiz-gözüňiz haýyr görsün!
Ogulbossan eje üzüm getirilen ak jama bir gysym kökedir süýji guýup:
— «Goňşymyň aşy — göwnümiň hoşy» diýipdirler, döwletiňiz artsyn balam — diýdi. Umyt at oýunlaryna çyny bilen gyzyp oturyşyna kimdir biriniň howludan çykyp gidenini yzyndan görüp galdy.
Umyt agşamlyk edinenden soň, öý işlerine gümra bolup ýören ejesine ýüzlendi:
— Eje, hälki öýe gelip giden kimdi?
Ogulbossan ejenäniň ýüzi ýagtylanan ýaly boldy.
— Umyt jan, näme ony tanamadyňmy, Nurgeldi aganyň gyzy, synpdaşyň Humaý. Tüweleme, Nurgeldi aganyň çagalarynyň barysy kemally, zähmete bişişen. Bize-de şolaryňky ýaly gyzy gelin edinmek nesip etsin-dä, hernä. Ejesiniň ýürekden aýdan sözleri Umydyň kalbynda Humaý hakynda pikir oýardy...

Şol günden köp wagt geçmänkä teleýaýlymda hormatly Prezidentimiziň boş wagtlaryny döredijilik işi we sport bilen meşgullanmak, at münmek ýaly adaty endiklerine eýerip, Ahalteke atçylyk toplumyna barşy görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň ol ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşyp, atly gezelenç etmegi Umytda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şol pursatlardan başlap, ol geljekki ykbalyny atlary ösdürip ýetişdirmek işine baglamagy ýüregine düwdi. Behişdi bedewlere bolan söýgüsi has-da artdy. Umyt şol günüň ertesi ir bilen atçylyk toplumyna bardy. Şol wagt ol ýerde Nurgeldi aga bedewleriň syn-syýagyna guwanyp, olara hyzmat edip ýördi. Ýaşuly işi bilen başagaý bolup ýörşüne Umydyň ýanyna gelenini hem duýmady. Umyt ýaşula hormat bilen ýüzlendi.

Umyt saglyk-amanlykdan soň ýüreginde beslän niýetini ýaşula ýetirmäge howlukdy. Nurgeldi aga Umydyň bir niýet bilen gelenini duýdy we oňa ony aýtmaga puryja döretdi. Umyt pursatdan peýdalanyp söze başlady:
— Nurgeldi aga, men ykbalymy ata baglasam diýýän. At — keramatly Taňrynyň nazary düşen jandary. Adam ýaly syzgyr. Siziň maňa şu ugra gönükmegime hemaýat bermegiňizi sorap geldim...

Nurgeldi aga Umydyň göwnünde beslän arzuwyna öz ýanyndan begendi we «Ata sygynan — döwlet görer» diýip, içini gepletdi.
— Gowy maksat tutunypsyň, oglum. Menlik näme hyzmat bolsa — gel, gapymyz göwnümiz ýaly açyk diýip, Umyda döwrebap at ýataklaryndaky hokranyp duran atlary görkezmäge başlady. Nurgeldi aga jany-teni bilen her bir bedewiň neslini, ýaşyny, tohumyny, ata seretmegiň inçe syrlaryny gürrüň berdi. Atlaryň adama ýakyndan dostdugyny, ýoldaşdygyny, wepalydygyny aýdyp, «Görogly» şadessanyndan mysallar getirdi. Umyt onuň berýän gyzykly gürrüňlerini üns berip diňledi.
Soňra Nurgeldi aga Umydy çep tarapdaky at ýatakdaky Wepaly diýen bedewiň ýanyna eltip, onuň ak maňlaýyny sypady. Bedew iki öwra başyny aşak-ýokaryk edip, Nurgeldi aga salam berýän şekilde mähir bilen gözlerine garady. Wepalynyň hereketlerine göwni hoş bolan ýaşuly seýis:
— Wepalym, ýör birsellem meýdanda gezelenç edip, aýagyňy ýazaly — diýip, athanadan çykdy.
Bedew hoşamaýlyk bilen teblehanadan çykyp, giň meýdana bardy. Nurgeldi aga onuň Gün nuruna öwşün atyp duran ýaýraw sagrysyny sypap, Umyda ýüzlendi.
— Gel, oglum, indi sen ata mün-de, birmeýdan gezim et. At ynsana höwrükmäge werzişdir.
Umyt uly höwes bilen ak ata atlandy. Ol Allaň gudraty bilen dörän bu nazarkerde jandara haýwan diýesi gelmedi. Şol pursat diline Görogly begiň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýen dogaýy sözleri geldi. Bu ýakymly pursatlaryň lezzetinden göwni galkynan ýigit Nurgeldi aga hoşallyk bildirip, athanadan giç agşam öýüne dolandy.

Umyt bolup geçen wakalary kakasyna birin-birin gürrüň berdi. Umydyň durmuşynda şeýle günler birnäçe gezek gaýtalandy. Ol indi jahan ýagtyldygy Nurgeldi aganyň ýanyna baryp, oňa kömek edýärdi. Şeýle günleriň birinde Umyt atlara suw berip duran wagty Humaý kakasyna günortanlyk nahar getirdi. Ol kakasynyň ýanynda atlara hyzmat edip ýören synpdaşyny görüp, birgeňsi boldy.

— Wiý, Umyt, bu senmidiň, sen bu ýerde näme işleýäň?
Umydyň ýüzünde çalaja ýylgyryş peýda boldy.
— Salam, Humaý!
Humaý Umyda gysgaça öz işleri barada gürrüň berdi. Geljekde atçylyk sungaty ugrundan bilim almak isleýändigini aýtdy. Umyt hem ykbalyny bedew atlara baglap, atşynaslygyň inçe syrlaryny öwrenýändigini ýaňzytdy.
Humaý kakasynyň yzyndan günde baryp duransoň, Umyt onuň bilen her gün gürleşýärdi. Gyzyň asyllylygy, sadadan düşünjeliligi onuň kalbynda barha ýakymly duýgulary oýarýardy. Umyt Nurgeldi aganyň ýakyndan kömek bermegi bilen ussat çapyksuwar bolup ýetişipdi. Ol her ýylyň aprel aýynda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp geçirilýän at çapyşygyna gatnaşmaga çagyryldy.
Umyt bu çakylyga diýseň begendi. Nurgeldi aga ony Wepaly diýen bedewi bilen ýaryşa goşdy. Diýseň çekeleşikli geçen çapyşykda Wepaly öňdäki ornuny hiç kime bermän pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Nurgeldi aga begenjinden telpegini göge zyňanyny özi-de duýman şeýle diýdi:
— Berekella, Wepalym, sen durşuň bilen gudratsyň!
Umydyň bu ýeňşi oba adamlaryny diýseň begendirdi. Humaý bolsa ony gül desseleri bilen gutlady. Durmuşyndaky şeýle şatlykly gününde Humaýyň gül desseleri bilen gutlamagy Umydy täze arzuwlara atardy.