Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaýy,

Watany terk edip gidiji bolma,

Özüňden egsik bir gaýry namardyň,

Hyzmatynda gulluk ediji bolma.

 

Akmaýan galmazdyr bir akan aryk,

Bir tendäki adam semiz, kä aryk;

Bir ýüzi çyrykdyr, bir ýüzi ýaryk,

Çyryk diýip, gaty söz aýdyjy bolma.

 

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

Aslyna tartadyr ýüwrük, çamanlyk,

Ýüwrükini çamanga satyjy bolma.

 

Çakylyk, habarsyz  bir ýere barsaň,

Imitýaz eýlegil, otursaň tursaň,

Bir nesihat bereý , pendim alsaň ;

Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma.

 

Çagyrlan ýere bar, otur-da turma,

Çagyrylmadyk ýere barma, görünme,

Utanmaz  adam dek süýpenip ýöreme,

Buýrulmagan işni ediji bolma.

 

Magtymguly, göwnüňdedir köp arman,

Tapmady derdine akybet derman,

Ýetişer bir güni hakdan bu perman,

Gaflat düşeginde ýatyjy bolma.