Yazdır
Üst Kategori: Kardeş Edebiyatlar
Kategori: Türkmenistan Edebiyatı
Gösterim: 2619

Belent mertebeli prezidentimiziň milli we resmi dilimiz bolan türkmen dilini arassalamak hem ony baylaşdyrmak baraky döwletli ýörelgesinden ugur almak bilen ony durmuşa geçirmek ugrunda elimden gelen kömegi ýetirip durmagy özümiň milli borjum hasap edýärin. Hut şonuň üçin hem bu mesele barada özümiň umumy garaýşymy giriş hökmünde hormatly alymlarymyza hödürlemegi makul bildim. Biziň pikrimizçe herzatdan öň we her bir meselä çemeleşmek islänimizde, ilki bilen özümiziň azat hem garaşsyz halkyň, watanyň adamlarydygymyza doly ynam hem buýsanç bilen hereket etmeli. Bu diýmek, geçmişiň zyýnly galyndylary bolan göwni çökgünlik, başgalara uýmak, özüňe we özüňkilere ynamsyz garamak ýaly kesellerden gutulmaly. Ýagny, biziň dilimizi, taryhymyzy we medeniýetimiziň dürli görnüşlerini öwrenmekde iş bitiren beýleki milletleriň alymlaryna milli karakterimiz boýunça aňyrbaş hormat edip syýlagyny ýetiren bir wagtymyzyň özüne, olaryň orta atan her bir pikirine ebedi kanun we gökden iýnen Aýa hökmünde kabul etmegiň ýerine, olara tankydy garaýyş bilen seredip öz milli baäbidimize uygunlykda peýdalanyp bilmeli. Bu, dünýäniň ähli ýurtlarynda-da şeýle. Sebäbi,  bilşimiz ýaly dünýäniň ylmy merkezleri hatda şu güne çenli-de aýry-aýra syýasy we ideologik täsirlerden özüni halas edip bilmän gelýär. Onsaňam, halk arasynda aýdylşy ýaly „her kimiň eliniň egrisi özüne tarap“dir. Biz hut şeýle milli ruh bilen, dilimizi arassalamak hem baýlaşdyrmak meselesine ynamly hem batyrgaý çemeleşmelidiris. Onsaňam biz, öz türkmen alymlarymyzyň, hem ylmy derejeleri hem-de ylmy tejribeleriniň, köp ülkeleriňkä garanyňda ýokarda durýanlygyny hem göz öňünde tutmalydyrs.

„Türkmen dilini arassalamak“ diýen sözden, hakydamyza ilkinji gelýän zat „türkmen dilini nämeden arassalamaly“? diýen soragdyr. Bu soragyň jogaby biziň pikrimiz boyunça örän aýdyň. Türkmen dilini öz dilimizde bar bolan gözel sözleriň ýerini alan ýa-da belli bir ýaramaz taryhy şertlerde syýasy maksatlar bilen öz sözlerimiziň gysylyp çykarylmagynyň bahasyna zor aýakdan ýerleşdirilen keseki sözlerden arassalamakdyr. Ýadymda, 1985-nji ýylyň tomsunda Aşgabat uniwersitesiniň dil fakultesiniň gaýybana bölümi üçin tomus aýlarynda geçirilýän kurslara gatnaşan wagtym, mugallymlaryň biri „Türkmen dilinde arheizmler“ atly temadan sapak geçýärdi. Ol, könelşip ulanmadan galan birnäçe türkmen sözlerini we olaryň ýerine „Internasýonal sözler“ ady bilen girizilen birnäçe ors sözlerini sanady. Men oturyp bilmän, mugallymyň sözlerine garşylyk görkezip:                  

Elbetde mugallym ol ýyllardaky syýasy şertlerde,  meniň sözümi ne beýle däl diýip bildi, ne-de dogry aýtýasyň diýmäge bogny ysdy. Ynha biz bu gün dilimizi arassalamagy şu tetelli sözleri gelen ýerlerine gowşyrmakdan başlamaly. Onuň üçin artykmaç zähmet sarp edip gaýtadan söz ýasap oturmagyňam geregi ýok, sebäbi olar eýýäm halk tarapyndan döredilen bar zatlar. Emma bu ugurda aşa gidip „Radio“, „post“ ýaly bütin dünýä tarapyndan kabul edilen sözleriň ýerine täze sözler ýasajak bolup ýörmeli dälmikä diýýärin, ýöne bu sözleri-de olary döreden halklaryň we dünýä kopçüliginiň tarapyndan kabul edilişine ýakyn we öz dilimiziň fonetikasyna uýgunrak görnüşinde ulanylmaly. Mysal üçin Hektar, Hamburg, Haýdar, Post ýaly sözleri bütin dünýäden üzňelikde Gektar, Gamburg, Gaýdar, Poçta ýaly ulanylmagyň biziň üçin gaty ýalňyş hem-de öýkünjeňligiň almatydygyny göz öňünde tutulmalydyr. Aslynda biziň geçen 70 ýyldan öňki alynma sözlerimizi ata-babalarymyz öz ene dilimize uýgunlykda    alypdyrlar. Mysal üçin Fransa, Iran, Heýdär, Sobhanýaly sözleri Pereň, EýranHaýdar, Suwhan görnüşlerinde alypdyrlar. Dünýäniň beýleki halklary-da ony şeýdip alýarlar. Mysal üçin ors halky Hamburg,Hektar,Heýdär ýaly sözleri ýokarda görkezişimiz kimin Gamburg,Gektar,Gaýdar görnüşlerinde alypdyrlar.

Has köpüräk ylmy işi talap edýän we hiç hili ýaltaçylygy söýmeýän ýene bir mesele-de, haýsy sözleriň köki hem gelip çykyşy boýunça Türkmen ýa-da beýleki türki dillere degişlidigi, haýsylarynyň bolsa keseki dillerden alynan sözlerdigini kesgitlemek meselesidir. Bu ugurda hem dil bilimimiziň çygryny, doganlyk türki dilleri hasaba almak bilen giňeltmeli, hem-de dil we edebiýatymyzyň taryhyny we onuň ösüş kadalaryny düýpli öwrenmek arkaly çuňlaşdyrmalydyrys. Belli bir sözüň köküniň haýsy dile degişlidigini kesgitlemekde filologlaryň arasynda dünýä möçberinde-de çekişmeler dowam edýär we ulanylýan ölçegler bolsa belli derejede biri-birinden tapawutlanýar. Bu meselede her zatdan öň terk edilmeli ýaramaz endikleriň biri, geçmişden galan we öýkünjeňlik derejesine baryp ýeten, çenden aşa päli peslik keselidir. Bu diýmek, her bir sözüň düýp manysyna hem gelip çykyşyna, bar bolan maglumatymyz bilen göz ýetirip bilmesek ýa-da ol söz birnäçe dilde ortak ulanylýan bolsa, hökman arap-pars ýa beýleki bir dile degişlidir diýip üstüne gyzyl atanak çekip goýbarman eýsem „näme üçin beýleki müňlerçe sözler ýaly, ol söz hem türki dillerden arap, pars dillerine geçen bolmaly däl?“ diýen soragy-da özümizden edip çuňurak oýlanyp köpüräg yýzarlamalydyrs. Şeýle edilende köp sözleriň köki türki dillere ylaýta-da türkmen diline degişli bolup çykýar. Bu ugurda biziň elimizde örän ähmiýetli we deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikler bardyr. Mysal üçin, geçen asyryň başlarynda, miladdan öňki üçünji müň ýyla degişli bolan sumer dilinde ýazylan ýazgylary okalyp 1914-nji ýyldan başlap bu diliň sözlük hem grammatikasynyň aýry-aýry dillerde ýazylmagy, has gyzyklysy hem bu diliň türki diller bilen bir dil toparyna girýän Agglutinativ(iltisaky) dil bolandygy alymlaryň tarapyndan ykrar edilmegi bilen, türki dilleriň etimologiýasynda Orhun-ýeniseý ýazgylarynyň okalmagynyň ardyndan ýene-de bir ajaýyp öňe gidişlik ýüze çykdy. Hut şu meseläni göz öňünde tutmak bilen günbatar alymlary türki dilleriň köküniň iňňän irki çaglara aralaşýandygyna göz ýetirdiler. Mysal üçin günbatar alymy Sandor Scöke özüniň The Sumerian and Ural-Altaic elements in The Old Slavic language(München,1979) atly işinde, ençeme jedelli sözlerdir grammatiki elementleriň sumer dilinde-de bar bolany üçin Indo-German(Hindi-Ýawropa) dillerine degişli bolman eýsem türki dillere degişlidigini açyklady. Mysal üçin hem türki dillerde hem-de täjik dilinde ulanylýan muz(muzd,mozd) sözüniň sumer dilinde-de „maş“ görnüşinde edil şol manyda barlygyny delil getirmek arkaly, onuň gelip çykyşynyn türki dillere degişlidigini nygtaýar.

Meniň özüm hem Türkmenler-Sumerler,Türkmenistan-Mezopotamýa atly işimde şeýle sözleriň ençemesine gabat geldim. Mysal üçin ary sözüni alyp göreliň. Bu söz hem türki dillerde hem-de täjik dili ýaly kä bir Indo-German hasap edilýän dillerde, şonuň ýaly hem arap dilinde ulanylýar. Belli bir sözüň gelip çykyşynyň haýsy dil toparyna degişlidigini kesgitlemek üçin alymlaryň tarapyndan ulanylýan iki sany esasy ölçegi göz öňünde tutanymyzda bu sözüň köküniň türki dillere degişlidigi belli bolýar:

1-Belli bir sözüň haýsy dilde has gadym ulanylandygy hakda dokumental delil tapylmagy: ar we ary sözi, ýazuwa geçen iň gadymy dil hem-de ýokarda belläp geçişimiz ýaly türki diller toparyna degişli bolan  sumer dilinde edil türkmen dilindäki manyda bar.

2-Belli bir sözüň haýsy dilde has ýaýbaň hem dürli-dürli görnüşlerde ulanylýanlygy: Bu ölçegi göz öňünde tutanymyzda-de bu sözüň beýleki dillere garanyňda türki dillerde has ýaýbaň hem dürli-dürli semantikada ulanylýar. Mysal üçin diňe türkmen dilinde bu söz: ary, arassa, arlyk, artmak... ýaly görnüşlerde. Aýdan ary,günden dury ýaly gadymy söz düzümlerde we Aryk,Arna... ýaly tire-taýpa hem ýer-ýurt atlarynda giňden ýörgünlidir. Netijede bu sözüň kökiniň türki dillere degişlidigi aydyňdyr. Şular ýaly tüýs hem iýr çaglara degişli sözlerimizi giňden özleşdirip, gerek bolan täze sözleri ýasamakda-da olardan peýdalanyp bileris.

Sumer dilini we edebiýatyny öwrenmekligiň biziň dilimiziň hem edebiýatymyzyň aňyrsynyň iňňän irki çaglara daýanýanlygyny kesgitlemekde hem-de ony baýlaşdyrmakda örän aýgytlaýjy rolunyň barlygyny nygtap geçmegi zerur hasap edýärin. Sebäbi biziň Akpamyk ýaly ertekilerimiziň we Görogly,Korkut Ata ýaly eposlarymyzyň yýzlarynyň Sumer edebiýatynda görünýändiginiň daşyndan-da biziň Änew, Mary, Madaw, Amy, Ürgenç, Anna, Oraz ýaly ençe müň ýyl nesilden nesile  gursagymyzda saklap gelen ýer-ýurt hem ynsan atlaryna, häzirki türkmen dilinde-de beýleki dillerde-de anyk bir many tpyp bolmaýan bir wagtyň özünde, sumer dilinde belli many tapylýar duruberýär. Mysal üçin Änew(Anaw, Anau görnüşlerde-de ýazylýar) sözüni alyp göreliň. Bu günki maglümatlar bilen alty müň ýyl geçmişi barlygyny çak edip boljak bu sözüň nämäni aňlatýandygy biziň milli hakydamyzda bir eýýäm çykyp gidipdir. Kä admlar ol hakda öz kellesine görä many ýasajak bolup hiç hili ylmy bahasy bolmadyk(Aşgabada aşyklar şäheri diýilşi ýaly) fantastik makalalar hem ýazdylar. Sumer dilinde Anu sözi „Asman tangrysy, olaryň iň uly taňrylarynyň ady“dyr. Şonuň ýaly-da sumerleriň Uruk şäherinde ýerleşen iň uly çokunma-jaýlarynyň(mejjitleriniň) ady hem Anudyr. Her biriniň iňňän uly taryhy ähmiýeti bolan bu sözleriň manylary hakda biz, ýokarda agzap geçen işimizde tanymal sumerologlaryň ylmy eserlerine salgylanmak bilen öz düşünjämizi orta atypdyk. Geljekde-de gözel hem örän gadymy ene dilimizi, mähriban halkymyzyň öz akyl paýhasyndan dörän soý sözleriň hasabyna baýlaşdyrmak hem arassalamak üçin her bir sözüň gelip çykyşy dogrusynda öz düşünjämizi halka hödürlejekdiris. Sebäbi dil we taryh bir-birini kämilleşdirýän ylym bolup iň irki taryhymyzy kesgitlejek-de iň soňky nobatda dil bolar diýip düşünýärin.