Ýagty salar gider zulmat tününde,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Bahar eýýamynda, heýhat gününde

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Anka sypat turup, “Hüw!” diýip galkan guş.

Gijesi tirikdir, gündizi bihuş,

Redaly jindeli, egni hyrka puş,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Gan edipdir pelek bagrym pyrakda.

Elmydam gezer men ýar diýip sorakda,

Käbe etrapynda, Şamda, Yrakda

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Rumda, Gypjakda, Çynda-Maçynda,

Zemaýel ornunda, arşyň içinde,

Yklym degresinde, pelek burçunda

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Aşyklar ahynda, Gulzum döwründe,

Kubbatyl-yslamda, Jeýhun bahrynda,

Sidre sährasynda, İsa şährinde

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Hezret Aly etgeç älemge dawy,

Kapdan Kaba düşdi hazretiň çawy,

Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Mesgen tutmuş gara dagyň burnunda,

Alynyň mülkünde, İsa ornunda,

Ýeriň arkasynda, gögüň garnynda

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Magtymguly çeker ýaryň gamyny,

Gezip, tapa bilmez ruýy-zemini,

Ýa, ady Jebraýyl – hakyň emini,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!